Çehiýanyň Brno şäherinde bolan ýangynda sekiz adam öldi
Öten agşam Çehiýanyň ikinji uly şäherinde bolan ýangynda sekiz adam ýogaldy diýip, polisiýa 4-nji maýda habar berdi.
Ýangyn paýtagt Praganyň 200 km günorta-gündogarynda ýerleşýän Brno şäherinde, ýarygijeden soň başlandy.
Çehiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesi ýangynda ölenleriň penahanalarda ýaşaýan öý-öwzarsyz adamlar bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.
Halas edijiler ýaralanan adamlary tapmandygyny aýtdy. Polisiýa we ýangyn söndürijiler ýangynyň sebäbini derňeýärler.