Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Köneürgenç etrabynda protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy

Köneürgenç etrabynda protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy

Geçen hepdäniň aýagynda Daşogzuň Köneürgenç etrabynyň iki sany daýhan birleşiginde degişlilikde arzan bahadan satylýan subsidirlenen önümleriň eýýäm ençeme aý bäri goýberilmeýändigine garşy protest geçirildi. Bu barada ilkinji bolup habar beren “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, nägilelik çäresine 100-den hem aşa ýaşaýjy gatnaşypdyr. Bu wakany tassyklatmagy başaran Azatlygyň habarçysy protestçiler bilen sebite gelen polisiýanyň arasynda ýakalaşygyň bolandygyny, 15 töweregi adamyň hem saklanandygyny anyklady.

28-nji aprelde “Täze Ýap” daýhan birleşiginiň häkimliginiň öňünde 100-e golaý ýaşaýjy jemlenip, mart we aprel aýlarynyň hasabyna berilmedik azyk paýlarynyň satuwa çykarylmagyny talap etdiler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” 3-nji maýda habar berdi. Maglumata görä, ýerli ilat beýleki sebitleriň ýaşaýjylaryna paýok paýlarynyň eýýäm berlendigini aýdyp, özleriniň hem ala tutulýandygyna nägile bolupdyr.

Ýerli häkimiýetler toplanan märekäni köşeşdirip bilmändir, netijede ýagdaýlar has dartgynlaşyp başlapdyr.

Mundan iki sagat çemesi wagt soňra, sebitiň “Zaman” daýhan birleşiginde hem 180 töweregi ýaşaýjy jemlenip, ýokarky talaplary öňe sürüp, Köneürgenje barýan ýoly petikledi. Neşir ýeňil we ýük ulaglarynyň, şeýle-de traktorlaryň köçäniň iki tarapyny hem böwetländigini ýazýar.

Etrap merkezinden gelen polisiýa işgärleri, şol sanda ýol gözegçilik gullugy adamlary sebiti terk etmegi boýunça razy edip bilmändir.

“Biz çagalarymyzy iýmitlendirip bilmeýäris! Hususyýetçilerden uny satyn almaga pulumyz ýok. Göz öňünde tutulan un we ýag paýyny beriň” diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” protestçileriň gygyran şygarlaryny getirdi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda raýatlaryň gurpdan düşmegi bilen, döwlet dükanlarynda un we ösümlik ýagy ýaly esasy iýmit önümleri azyk paýlary hökmünde arzan bahadan, kesgitli möçberlerde raýatlara hödürlenilýär. Emma häkimiýetler ýurduň aglaba sebitlerinde ilaty azyk paýlary, şol sanda çörek bilen-de kadaly üpjün edip bilmeýär.

“Zaman” daýhan birleşigindäki protest çäresine gelen kanun goraýjy işgärleriniň sany 30-a golaýlanda, olar adamlary köçeden güýç bilen çykarjak boldular. Netijede protestçiler bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk ýüze çykdy, bir polisiýa işgäriniň köýneginiň ýakasy ýyrtyldy.

Hadysa ýerli ýaşulular goşulyp, çaknyşygyň has ula ýazmagynyň öňüni aldylar. Şol bir wagtda, protestçiler köçeden gitmediler.

Mundan soňra, sebite Köneürgençden häkimiň orunbasary we ýene-de ençeme resmi gelip, birnäçe sagadyň dowamynda uny we ýagy getirmegi söz berdiler. Emeldarlar “Täze Ýap” daýhan birleşiginde hem bu wadalaryny gaýtaladylar.

Munuň netijesinde, sebitiň döwlet dükanlarynda şol gün gije sagat 23-den daňdan 4-e çenli mart we aprel aýlarynyň paýoklary satyldy. Resmiler şu aýyň azyk paýlarynyň hem 10-njy maýda satuwa çykaryljakdygyny aýtdylar.

Bu maglumat garaşsyz neşirde çykandan soňra, Azatlygyň ýurduň içindäki habarçylary sebitdäki çeşmelerine bu hadysany tassyklatmagy başardylar. Habarçymyzyň 4-nji maýda beren maglumatyna görä, kanun goraýjy gulluklaryň işgärleri bilen ýakalaşykda, üç polisiýa işgäri ýaralanypdyr, şeýle-de 15 töweregi protestçi saklanypdyr. Olaryň soňky ykbaly nämälim bolmagynda galýar.

Döwletiň berk gözegçiligindäki media ýurduň demirgazyk welaýatyndaky soňky protest çäresi barada, adatça bolşy ýaly, dymýar. Sebitiň häkimlikleri hem Azatlygyň bu baradaky soraglaryny jogapsyz goýýarlar.

Şol bir wagtda, soňky aýlar ýurduň dürli künjeklerinde azyk paýlarynyň gijikdirilmegi ýa hut satuwdan aýrylmagy bilen bagly ilatyň nägilelikli çäreleri köpelýär. Azatlyk mundan iki hepde töweregi ozal Ahalyň Kaka şäheriniň ýaşaýjylarynyň, ýerli häkimiýetlere nägileligini bildirip, arz-şikaýatlarynyň netijesinde döwlet dükanlaryndaky çöregiň iki esse ýokarlandyrylan bahasyny gaýtadan arzanlatmagy başarandygyny habar beripdi.

Bu özgerişlikler, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň, harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň ýokarlanmagynyň arasynda, dilegçilik edýän we zir-zibil dörýän raýatlaryň göz-görtele köpelen mahalyna gabat gelýär. Galyberse-de, bu ýurtda ilatyň aglaba böleginiň entegem garaşly bolup galýan azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipleriň öňe sürülýän döwründe bolup geçýär.

Häkimiýetler bar bolan problemalara garşy göreşmegiň deregine, meselä ünsi çekýän raýatlara basyş görkezmek arkaly jogap bermegi saýlap alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Мария Багреева: контрактная система Москвы направлена на поддержку российского бизнеса

Инспекторы ГУСТ напомнили правила газовой безопасности

3 нелегальных перевозчиков в Ленинском округе оштрафовали за сброс стройотходов

В Коломне на 74% реконструировали крупнейший в РФ комплекс переработки ТКО

Музыкальные новости

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Таунхаусы в Подмосковье за год подорожали в среднем на 6% — до $258,9 тыс

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новости России

Воробьев провел совещание с главой Ленинского округа Каторовым

Собянин объявил о начале фестиваля «Московская A Cappella»

Московский военный округ возглавил Сергей Кузовлев

Парк «Дружба» между Люберцами и Москвой планируют начать создавать в 2024 г

Экология в России и мире

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

Спорт в России и мире

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Moscow.media

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

Под зеленым куполом

Краски севера IV

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *