Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda suw çüwdürimleriniň aglabasy işledilmeýär

Maryda suw çüwdürimleriniň aglabasy işledilmeýär

Tomsuň yssy günlerinde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ilatyň suw we elektrik üpjünçiligindäki problemalary dowam edýän mahaly, Marynyň häkimiýetleri sebitdäki suw çüwdürimleriniň aglabasynyň işini togtatdy. Mary şäher häkimliginiň birnäçe işgäri bu çäräni “häkimiýetleriň suw we elektrik tygşytlamak tagallalary bilen” düşündirýär.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, şu günler sebitdäki suw çüwdürimleriniň aglabasy işledilmeýär. Diňe käbir çüwdürimler günüň dowamynda bir ýa-da iki sagat işledilýär.

“Ýaşaýjylar suw çüwdürimleriniň golaýynda agşamara az wagt dynç alýan ýerlerinden hem mahrum edilýär. Sebäbi fontanlar suwsuz, gurak boşap dur. agşamara-da daşary çykyp, arassa howada salkynlar ýaly däl. Sebäbi daş-töwerekdäki baglaryň hem köpüsi çapylansoň, üstesine-de fontanlar hem işlemänsoň, hemme ýer gurak gum-tozan basyp dur. Bu ýagdaý esasanam çagaly aýallary we garrylary has-da gynandyrýar” diýip, şäher ýaşaýjysy habarçymyza gürrüň berdi.

Gurak klimatly, yssy howaly Türkmenistanda adamlar, şol sanda çagaly eneler we garrylar adatça tomsuň jokrama yssy günlerinde gün ýaşyp gelýärkä, şäheriň suw çüwdürimli ýerlerine barýarlar. Sebäbi bu ýerlerde howa salkyn bolýar.

Ýerli häkimiýetler suw çüwdürimleriniň işledilmezliginiň sebäbi barada düşündiriş bermeýärler. Ýöne şäher häkimliginiň birnäçe işgäri bu çäräni “häkimiýetleriň suw we elektrik tygşytlamak tagallalary bilen” düşündirýär.

“Bu häkimiýetleri, suw we elektrikden başga-da, işgär tygşytlamaga hem eltýär. Sebäbi fontanlara ideg etmek zerurlygy hem azalýar” diýip, häkimligiň işgäri aýtdy.

Azatlygyň bu barada welaýat we şäher häkimliklerinden kommentariý almak synanyşyklary başa barmady. Suw çüwdürimleriniň haçan doly güýjünde işlediljekdigini anyklamak hem häzirlikçe başartmady.

Ýöne bu waka, Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa ýetýän mahaly, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň suw we elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýan döwrüne gabat gelýär.

Aşgabatda we welaýatlarda ilatyň elektrik we suw üpjünçiligi günüň dowamynda birnäçe sagatlap, käte 10 sagatdan gowrak wagt kesilýär. Azatlyk bu barada tomsuň başyndan bäri yzygiderli habar berýär.

Bu problemalaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri soňky üç onýyllygyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde müňlerçe çüwdürim gurdular we olary gurmagy dowam etdirýärler.

Aşgabat jemgyýetçilik ýerindäki suw çüwdürimleriniň sany boýunça Ginnes rekordlar kitabyna girdi. 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda tassyklanan maglumata görä, jemgyýetçilik ýerindäki suw çüwdürimleriniň iň köp mukdary 27-ä deň bolup, ol Aşgabatda hasaba alyndy. Çüwdürimleriň tutýan meýdany 14,8231 gektara barabardyr.

Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende suwy iň köp sarp edýän ýurtlaryň biri hasaplanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasynyň 2021-nji ýylyň sentýabrynda çap eden hasabatynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krizis derejesine ýetendigi mälim edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Кофемашины Gaggia: искусство приготовления кофе

Иностранные «специалисты»: головная боль за собственный счет

Томский стенд на выставке "Россия" отмечен премией "За гостеприимство"

Песков: Россия самым решительным образом осуждает покушение на Фицо

Музыкальные новости

Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

RPG Battle of Souls доступна в Google Play 2 стран

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новости России

Якутяне могут принять участие в съемках фильма «Против течения. Диодоровы»

Семейная пара из Ростовской области выиграла 1,5 млн рублей в «Жилищную лотерею»

Скандалы с арестами в Минобороны. Информация "под грифом": Что хранят секретные папки

Единый агрегатор торговли Ростеха позволил российским госзаказчикам сэкономить почти 7 млрд рублей

Экология в России и мире

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

10 полезных продуктов для сердца

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Спорт в России и мире

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

«Спартак» подарит Циципасу клубную футболку

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Краски севера V

Под зеленым куполом

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *