Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň häkimiýetleri jaýlara gezekli-gezegine tok berip, elektrik üpjünçiligindäki problemany çözmäge çalyşýar

Aşgabadyň häkimiýetleri jaýlara gezekli-gezegine tok berip, elektrik üpjünçiligindäki problemany çözmäge çalyşýar

Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa ýetýän mahaly, ilatyň elektrik üpjünçiligindäki problemalar ýitileşýär. Aşgabatda ilatyň elektrik togy yzygiderli kesilýär. Häkimiýetler köp gatly jaýlara gezekli-gezegine tok bermek arkaly, elektrik üpjünçiligindäki problemany çözmäge we ilaty köşeşdirmäge çalyşýarlar.

“Anomal yssyda Aşgabadyň köp gatly jaýlaryna elektrik üpjünçiligi küşt tagtasynyň tertibinde berilýär. Meselem, köp gatly jaýlaryň birinde ýa-da birnäçesinde üç sagatlap tok berilmese, ýaşaýjylaryň uly nägileliginden soň, bu jaýlara tok berilýär. Ýöne bu jaýlara tok berilmeginiň yz ýany, olaryň gapdalyndaky goňşy jaýlaryň togy öçýär. Gije bir jaýyň togy öçse, onuň gapdalyndaky jaýyň togy dessine ýalpyldap ýanýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy awgustda maglumat berdi.

Soňky birnäçe gün bäri, hususan-da, gijelerine dowam edýän bu problemalar paýtagtlylaryň köpüsinde nägilelik döredýär. Olar anomal yssyda beton jaýlaryň we meýdançalaryň gündizlerine gyzyp, onuň howrunyň gije ýarymda hem öçmeýändigini aýdýarlar.

“Köp edara-kärhanalarda hem elektrigiň ýokdugy sebäpli jokrama yssyda, kondisionersiz işlemeli bolýan ýaşaýjylar öýlerine gelenden soňra-da dynç alman, ejir çekmeli bolýarlar” diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy aýtdy.

Häkimiýetler köp gatly jaýlara gezekli-gezegine elektrik bermek arkaly, problemany çözmäge, ilaty köşeşdirmäge we problemanyň ula ýazmagynyň öňüni almaga çalyşýan mahaly, bökdençligiň sebäpleri barada ilata aça-açan maglumat bermeýärler. Olar problemanyň näçe wagt dowam etjekdigi barada hem hiç zat aýatmaýarlar.

Ýöne ýerli elektrik hünärmenleriniň birnäçesiniň aýtmagyna görä, paýtagtyň elektrik üpjünçiligindäki bökdençliklere Abadan (öňki Büzmeýin) şäherindäki Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň doly kuwwatynda işledilmezligi sebäp bolýar.

“Elektrik stansiýasy ýarym kuwwatynda işledilýär. Ykdysady kynçylyklar sebäpli, maliýe serişdesiniň ýoklugy sebäpli stansiýanyň ABŞ-da öndürilen turbinalary üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alynmaýar. Şol sebäpli stansiýanyň elektrik energiýa önümçiliginiň derejesi pes” diýip, hünärmen belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Energetika ministrliginden, agzalýan elektrik stansiýasyndan we Aşgabadyň elektrik edarasyndan maglumat alyp bilmedi.

Ýurduň Energetika ministrliginiň maglumatyna görä, Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynda kuwwatlylygy 123,6 MWt we 123,0 MWt bolan iki sany gaz turbina desgasy hereket edýär. Häzirki günde stansiýanyň jemi bellenen kuwwaty 246,6 MWt deňdir.

“Stansiýanyň çäklerinde güýjenmesi 220/110/35 kW açyk paýlaýjy gurluş hem guruldy. Bu bolsa Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiligini ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berdi” diýlip, maglumatda bellenilýär.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistanyň ilaty elektrik energiýasynyň kadasyz üpjünçiligi bilen ýyllarboýy ýüzbe-ýüz bolup gelýär. Ýurduň dürli künjeginde elektrik ýygy-ýygydan kesilýär ýa-da ilata berilýän toguň güýji elektrik enjamlaryny işletmäge ýetmeýär. Azatlyk bu ýagdaýlar barada, geçen ýyllarda hem bolşy ýaly, tomsuň başyndan bäri yzygiderli habar berýär.

Bu ýagdaýlar barada türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri hiç hili mesele gozgamaýarlar. Ýöne ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, elektrik energiýasynyň gazyň çykarylyşynyň 106,7 göterim ýokarlanandygy mälim edildi.

Ösüş sanlaryna garamazdan, prezident Serdar Berdimuhamedow şol ýygnakda “işde goýberen kemçilikleri üçin" Hajymuhammet Rejepmyradowy energetika ministri wezipesinden boşadyp, oňa derek Annageldi Saparowy belledi.

Bu aralykda, öz ilatynyň elektrik üpjünçiligini kadaly ýola goýmaýan Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Gyrgyzystana elektrik eksport etmek boýunça öňdebaryjylygy saklaýandygy habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Двое полицейских пострадали при столкновении автомобилей на юге Москвы

Меркачева назвала ситуацию с бежавшей от родственников чеченкой испытанием

Подольск принял юнармейцев со всего Подмосковья

В Московском зоопарке родился детёныш кенгуру

Музыкальные новости

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Яндекс.Недвижимость: за месяц однушки в новостройках Москвы подешевели на 4,5%

Следком России ищет приезжего из Азербайджана из-за его желания убивать в ЯНАО

В Бурятии прошла Байкальская театральная школа прошла - Россия, Культура и Дети

Новости России

Еще 77 водителей оштрафовали за неправильную парковку в Подмосковье

Мигрант закопал эмбрион в московском парке

РСХБ запускает медиапроект о путешествиях по России

На кадастр поставили новый дом в мкр Рекинцо-2 в Солнечногорске

Экология в России и мире

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

10 полезных продуктов для сердца

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Первая ракетка Казахстана вышла в финал турнира WTA в Италии

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Moscow.media

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Konica Minolta Business Solutions Russia и Facemetric предложат заказчикам решения на базе технологий компьютерного зрения

Краски севера V

Страдания юного Аюша Булчун







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *