Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Düşündiriş: Ysraýyl – palestinaly dawasy döwletlilik, ýer, Iýerusalim we bosgunlar meselelerine bagly bolup durýar

Düşündiriş: Ysraýyl – palestinaly dawasy döwletlilik, ýer, Iýerusalim we bosgunlar meselelerine bagly bolup durýar

Şenbe güni garaşylmadyk hüjüm amala aşyran "Hamas" bilen Ysraýylyň arasyndaky uruş ysraýyllylar bilen palestinalylaryň arasynda ýetmiş ýyl bäri dowam edýän hem-de daşarky güýçleri öz içine çekip, Ýakyn gündogary durnuksyzlaşdyran urşuň we çaknyşyklaryň iň soňkusy bolup durýar.

Çaknyşygyň gözbaşy näme?

Bu çaknyşykda Ysraýylyň öňden bäri duşmançylykly hasaplaýan sebitindäki howpsuzlyk talaplary bilen palestinalylaryň öz döwletlerine bolan hyjuwlary garpyşýar.

Ysraýylyň esaslandyryjysy Dawid Ben-Gurion ata 1948-nji ýylyň 14-nji maýynda yzarlamalardan gaçýan hem-de özlerini nesiller boýy çuňňur ýakyn duýýan topraklarynda milli mesgen gözleýän ýewreýler üçin howpsuz gaçybatalga döredip, häzirki zaman Ysraýyl döwletini yglan etdi.

Palestinalylar özleriniň ýerleriniň ellerinden alynmagyna getiren we döwletlilik arzuwlaryny puja çykaran Ysraýylyň döredilmegini “Nakba”, ýa-da betbagtçylyk atlandyryp, gam-gussa beýan edýärler.

Munuň yz ýany bolan uruşda 700 müň töweregi palestinaly, şol wagtky britan häkimiýeti astyndaky Palestinanyň ilatynyň ýarysy öýlerinden çykaryldy ýa-da gaçyp, Iordaniýa, Liwana, Siriýa, şeýle-de Gaza, Günbatar kenara hem-de gündogar Iýerusalime göçüp bardy.

ABŞ-nyň ýakyn ýarany bolan Ysraýyl özüniň palestinalylary öýlerinden çykaryp kowandygy baradaky ynamly beýanatlara garşy çykýar we özüniň esaslandyrylmagyndan bir gün soň, bäş arap ýurdy tarapyndan öz üstüne hüjüm edilendigine ünsi çekýär. 1949-njy ýyldaky ýaraşyk ylalaşyklary uruşlary togtatdy ýöne resmi parahatçylyk bolmady.

Yzda galyp, bu gün uruş bilen meşgullanýan palestinalylar Ysraýylyň ilatynyň 20 göteriminden ybarat bolup, arap-ysraýyl jemgyýetini emele getirýärler.

Şondan bäri nähili iri uruşlar bolup geçdi?

Ysraýyl 1967-nji ýylda Müsüre we Siriýa garşy öňüni alyş zarbalaryny urup, alty günlük arap-ysraýyl urşuna girişdi. Ysraýyl şonda Günbatar kenary, Iordaniýadan ele geçiren arap agalygyndaky gündogar Iýerusalimi hem-de Siriýanyň Golan belentliklerini basyp aldy.

1973-nji ýylda Müsür we Siriýa Sues kanalynyň hem-de Golan belentlikleriniň ugrundaky ysraýyl pozisiýalaryna hüjüm edip, Ýom Kippur urşuny başlatdy. Ysraýyl üç hepdäniň içinde iki ýurduň goşunlaryny hem yza serpikdirdi.

Ysraýyl 1982-nji ýylda Liwana çozdy we Ýasser Arafatyň golastyndaky ýüzlerçe palestinaly söweşiji 10 güne çeken gabawdan soň deňiz arkaly ewakuasiýa edildi. 2006-njy ýylda “Hizbolla” jeňçileri iki ysraýyl esgerini ýesir alyp, Ysraýyl munuň aryny alanda, Liwanda ýene uruş turdy.

Ysraýyl 2005-nji ýylda Gazadan çykdy. Ol Gazany 1967-nji ýylda Müsürden ele geçiripdi. Ýöne Gazada 2006-njy, 2008-nji, 2012-nji, 2014-nji we 2021-nji ýyllarda garpyşyklar boldy. Çaknyşyklarda ysraýyl howa hüjümleri, palestinalylaryň raketa ot açyşlary bolup geçdi, wagtal-wagtal taraplar birek-biregiň serhetlerini kesip geçdi.

Uruşlar bilen bir hatarda 1987-1993-nji ýyllar aralygynda hem-de 2000-2005-nji ýyllar aralygynda iki sany palestinaly “intifadasy”, ýagny gozgalaňlary bolup geçdi. Ikinjisinde “Hamasyň” janyndan geçen bombaçylary birnäçe gezek ysraýyllylara hüjüm etdi.

Parahatçylyk gazanmak üçin nähili synanyşyklar boldy?

Müsür we Ysraýyl 1979-njy ýylda parahatçylyk şertnamasyna gol çekip, 30 ýyllyk duşmançylygy soňlatdy. 1993-nji ýylda Ysraýylyň premýer-ministri Ýitžak Rabin we Arafat çäkli Palestina awtonomiýasy babatdaky Oslo ylalaşyklarynda biri-biriniň elini gysyp ylalaşyga geldi. 1994-nji ýylda Ysraýyl Iordaniýa bilen parahatçylyk ylalaşygyna gol çekdi.

2000-nji ýylda geçirilen “Camp David” sammitinde prezident Bil Klinton, Ysraýylyň premýer-ministri Ýehud Barak we Arafat ahyrky parahatçylyk ylalaşygyny gazanyp bilmedi.

2002-nji ýyldaky Arap meýilnamasy Ysraýyla özüniň 1967-nji ýyldaky Ýakyn gündogar urşunda ele geçiren ýerlerinden doly çekilmegiň, Palestina döwletiniň döredilmeginiň, şeýle-de palestinaly bosgunlara “adalatly çözgüt” tapylmagynyň öwezine ähli arap ýurtlary bilen kadaly gatnaşyklary hödürledi.

2014-nji ýylda Waşingtonda geçirilen ysraýyl-palestin gepleşikleri şowsuz gutaraly bäri, parahatçylyk tagallalary togtady.

ABŞ prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy iki döwlet çözgüdini goldamakdan ýüz öwrüp, onlarça ýyl bäri dowam edýän ABŞ syýasatyny üýtgedensoň, palestinalylar bu administrasiýa bilen iş salyşylmagyny boýkot etdiler. Iki döwlet çözgüdi parahatçylyk formulasy bolup, Ysraýylyň 1967-nji ýylda ele geçiren territoriýasynda Palestina döwletiniň esaslandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Häzir parahatçylyk tagallalarynyň ýagdaýy nähili?

ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy Ýakyn gündogarda Ysraýyl bilen iki mukaddesligiň hyzmatkäri bolan Saud Arabystanynyň arasynda gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyny hem öz içine alýan “saldamly ylalaşygyň” gazanylmagyna ünsi gönükdirýär. Soňky uruş Ysraýyl bilen parahatçylyk ylalaşyklaryna gol çeken Riýad, hem-de beýleki arap ýurtlary, şol sanda Saud Arabystanynyň gapdalynda ýerleşýän aýlagdaky arap ýurtlary üçin diplomatiki taýdan oňaýsyz waka boldy.

Esasy ysraýyl-palestinaly meselesi näme?

Dawalaryň özeninde iki döwlet çözgüdi, Ysraýylyň ilatly ýerleri, Iýerusalimiň durumy we bosgunlar bar.

Iki döwlet çözgüdi: Bu ylalaşyk Ysraýylyň ýanynda, Gaza zolagynda we Günbatar kenarda palestinalylaryň döwletini döredýär. "Hamas" iki döwlet çözgüdini ret edýär we Ysraýylyň ýykylmagyna kasam edýär. Ysraýyl palestin döwletiniň, Ysraýyla wehim salmaz ýaly, harbysyzlaşdyrylmalydygyny aýdýar.

Ilatly ýerler: Ençeme ýurtlar Ysraýylyň 1967-nji ýylda basyp alan topraklarynda gurlan ýewreý ilatly ýerlerini bikanun hasaplaýar. Ysraýyl muňa garşy çykýar we özüniň bu topraklar bilen taryhy arabaglanyşygyna hem-de Injildäki arabaglanyşygyna salgylanýar. Olaryň ilatly ýerlerini yzygiderli giňeltmegi Ysraýylyň, palestinalylaryň hem-de halkara jemgyýetçiliginiň arasyndaky iň jedelli meseleleriň biri bolup durýar.

Iýerusalim: Palestinalylar musulmanlar, ýewreýler we hristiýanlar üçin mukaddes ýerleri bolan gündogar Iýerusalimiň öz döwletleriniň paýtagty bolmagyny isleýärler. Ysraýyl Iýerusalimiň özüniň “bitewi we baky” paýtagty bolmagyna galmalydygyny aýdýar. Ysraýylyň Iýerusalimiň gündogar bölegi boýunça talaplary halkara derejesinde ykrar edilmeýär. Tramp Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etdi we 2018-nji ýylda ABŞ ilçihanasyny bu ýere göçürdi.

Bosgunlar: Bu günki gün Iordaniýada, Liwanda, Siriýada we Ysraýyl tarapyndan basylyp alnan Günbatar kenarda we Gazada, aglaba bölegi 1948-nji ýylda gaçan adamlaryň nesilleri bolan 5,6 million çemesi palestinaly bosgun ýaşaýar. Palestin daşary işler ministrligine görä, bellige alnan bosgunlaryň tas ýarpysynyň raýatlygy ýok, olaryň ençemesi köp adamly lagerlerde ýaşaýarlar.

Palestinalylar köpden bäri bosgunlaryň öz nesilleri bilen bilelikde yza dolanmaklaryna rugsat berilmegini talap edýärler. Ysraýyl palestinaly bosgunlaryň gaýtadan ýerleşdirilmeginiň öz serhet çäginiň daşynda amala aşyrylmalydygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Косметолог Шостак назвала подходящий возраст для «инъекций красоты»

Брянские парапланеристы завоевали три медали на чемпионате ЦФО

СТОЛИЧНЫЕ РОСГВАРДЕЙЦЫ ПРОВЕЛИ АКЦИЮ «ПАРАД У ДОМА ВЕТЕРАНА»

Томский стенд на выставке "Россия" отмечен премией "За гостеприимство"

Музыкальные новости

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Благодаря акции МТС Банка реабилитационная помощь в России станет доступнее

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новости России

Косметолог Шостак назвала подходящий возраст для «инъекций красоты»

СТОЛИЧНЫЕ РОСГВАРДЕЙЦЫ ПРОВЕЛИ АКЦИЮ «ПАРАД У ДОМА ВЕТЕРАНА»

Страдания юного Аюша Булчун

Брянские парапланеристы завоевали три медали на чемпионате ЦФО

Экология в России и мире

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Семьи со всего Уральского федерального округа приняли участие в конкурсе «Это у нас семейное»

Пермский край, Суксунский район

Спорт в России и мире

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Краски севера IV

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *