Gürjüstan tolgunşyklary öjükdirýän galp wideo, audio ýazgylar barada duýdurýar
Gürjüstanyň Döwlet Howpsuzlyk Gullugynyň maglumatyna görä, syýasy güýçler bilen ilteşiklidigi aýdylýan aýdyňlaşdyrylmadyk bir topar, emeli aň we beýleki ýokary derejeli tehnologiýalaryň üsti bilen ýasalan ýalan audio ýazgylary ýaýratmaga taýýarlyk görýär. Bu audio ýazgylaryň Gürjüstanyň hökümetiniň agzalarynyň sesleridigi aýdylýar.
Bu duýduryş Gürjüstanda syýasy dartgynlylyklaryň artan döwrüne gabat geldi. Şu ýylyň dowamynda “daşary ýurt agentleri” baradaky dawaly kanunyň kabul edilmegi hem ýagdaýlary ýitileşdirdi.
Gürjüstanda möhüm parlament saýlawlary 26-njy oktýabrda geçmeli.