Baýden: Asadyň ýykylmagy "adalatyň dabaralanmagy", ýöne töwekgelçilikler bar
Şol bir wagtda, ol Siriýanyň häzirki ýagdaýynyň durnuksyzdygyny we ýurduň töwekgelçiliklerden halas däldigini belledi, geçiş döwründe sebitdäki ýurtlara we Siriýanyň özüne kömek etmek wadasyny berdi.
Baýden 8-nji dekabr agşamy, ýaragly oppozisiýa güýçleri Damasky ele geçireninden soň, 24 ýyllap ýurdy dolandyran Başar al-Asadyň Siriýadan gidendigi belli bolan wagtynda çykyp gürledi.