Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2024
1
14
31

Новости за 09.12.2024

Azathabar.com 

Ýokary synp mekdep okuwçylary daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryny göz öňünde tutmazlyga ugrukdyrylýar

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda bilim resmileri we il ýaşulylary ýokary synp mekdep okuwçylary bilen wagyz-nesihat işlerini geçirip, ýokary bilim babatynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny göz öňünde tutmazlygy, ýerli uniwersitetleri saýlap almagy maslahat berýärler. Resmiler ýaňy-ýakynda günorta-gündogar sebitiň orta mekdepleriniň birnäçesinde geçiren şeýle gürrüňdeşliklerinde ýurduň çäginde ýerleşýän ýokary okuw jaýlaryny mahabatlandyryp, bu ulgamda ýurtda ýyllarboýy dowam edýän korrupsiýa aýyplamalaryny ret etdiler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Otlular ilat arasynda tagtabitini ýaýradyjy transport serişdelerine öwrülip barýar - ýolagçylar

Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda gatnaýan ýolagçy otlularynyň arassaçylyk şertleri raýatlary kanagatlandyrmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy dekabrda maglumat berdi. “Otlulardaky oturgyçlar we ýatylýan düşekler tagtabitinden dolupdyr. Mör-möjekler ýolagçylaryň el goşlaryna, egin eşiklerine ýapyşyp, adamlar bilen bilelikde sebitleriň arasynda ýaýraýar” diýip, birnäçe türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Bu transport serişdesinden dowamly... Читать дальше...

Azathabar.com 

“Türkmenenergo” DABS bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar

Türkmenistanyň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) korporasiýasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar. Türkmen metbugaty prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli karara gol çekendigini habar berýär. Bu karar türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmäge, goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen energetika hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen diýip, habarda bellenýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedowyň gyzy kakasynyň adyny göterýän gaznanyň wise-prezidenti boldy

Öňki prezident 7-nji dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy mejlisde öz adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky karara we Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi baradaky düzgünnama gol çekdi. Şeýle-de, Berdimuhamedow, kada-kanunçylyga laýyklykda, gaznanyň Tertipnamasyny hem-de müdiriýetiniň düzümini öz Karary bilen tassyklaýandygyny aýdyp... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täze jaýlaryna göçüp barmaga taýýarlanýan raýatlar ipoteka tölegleriniň "aşa gymmatlygyndan" aladalanýar

Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde ýene sanlyja günden täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barmaga taýýarlanýan ýaşaýjylar aýlyk ipoteka tölegleriniň "aşa gymmatlygyndan" alada galýarlar. Bu ýagdaýlar barada ýeňillikli ipoteka esasynda jaý satyn alan ýaşaýjylaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi. “Biziň jaýlarymyz 12-nji dekabarda Bitaraplyk gününde açylyp ulanylmaga berilýär. Jaýymyza göçmäge sanlyja gün galanda, ýeňillikli ipoteka esasynda satyn alan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Baýden: Asadyň ýykylmagy "adalatyň dabaralanmagy", ýöne töwekgelçilikler bar

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Siriýanyň prezidenti Başar al-Asadyň režiminiň synmagyny "adalat hereketi" diýip atlandyrdy. Şol bir wagtda, ol Siriýanyň häzirki ýagdaýynyň durnuksyzdygyny we ýurduň töwekgelçiliklerden halas däldigini belledi, geçiş döwründe sebitdäki ýurtlara we Siriýanyň özüne kömek etmek wadasyny berdi. Baýden 8-nji dekabr agşamy, ýaragly oppozisiýa güýçleri Damasky ele geçireninden soň, 24 ýyllap ýurdy dolandyran Başar al-Asadyň Siriýadan gidendigi belli bolan wagtynda çykyp gürledi.

Azathabar.com 

Gürjüstandaky protestlerde 400 töweregi adam tussag edildi - IIM

28-nji noýabrdan bäri Tbiliside 400-den gowrak adam tussag edildi diýip, Gürjüstanyň içeri işler ministriniň orunbasary Aleksandr Darahwelidze aýtdy. Ol 30 adamyň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini, 372 raýata garşy administratiw işleriň açylandygyny belledi. “62 adama garşy administratiw tussaglyk çäresi ulanyldy, 100-den gowrak adama jerime salyndy. Galan tussaglara garşy açylan kazyýet işleri işjeň seljerilýär" diýip, Darahwelidze aýtdy. Şeýle-de, ol miting wagtynda güýç gurluşlaryna... Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow Eýranyň energiýa, bank resmilerini kabul edip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji dekabrda Eýrandan sapara gelen iki resmini, energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi. Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebit-gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belledi. Şeýle-de, prezident hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek, ony iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli pikir alyşmagyň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *