Berdimuhamedow Eýranyň energiýa, bank resmilerini kabul edip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebit-gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Şeýle-de, prezident hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemek, ony iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça yzygiderli pikir alyşmagyň peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan Eýran bilen aradaky gaz söwdasynda ýüze çykan düşünişmezlikler, şol sanda baha, bergi, töleg meselesinde dörän dawalar barada ilata maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.