Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Türkmenenergo” DABS bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar

Türkmenistanyň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) korporasiýasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar.


Türkmen metbugaty prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli karara gol çekendigini habar berýär.


Bu karar türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmäge, goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen energetika hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen diýip, habarda bellenýär.


Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” energetika kompaniýasynyň baş direktory Abdul Bari Omaryň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet biraz öň ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygy boýunça gepleşik geçirmek üçin Türkmenistana geldi.


Saparyň barşynda Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek meseleleri, şol sanda 2025-nji ýyldaky şertler we iberiliş möçberleri maslahatlaşyldy diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrmazdan habar berýär.


Şu aralykda, “News Central Asia” (NCA) neşiriniň DABS-a salgylanyp ýazmagyna görä, owgan resmileriniň Aşgabada eden saparynda gol çekilen ylalaşyk esasynda türkmen togy Owganystana dört ugur boýunça, Andhoý, Akina, Badgis we Torgundi-Herat ugurlary arkaly geçiriler.


Owganystan ýylda öz içerki çeşmeleri esasynda 300 MWt elektrik öndürýär we Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan we Eýran ýaly goňşy ýurtlardan 620 MWt-dan gowrak elektrik energiýasyny import edýär diýip, habarda aýdylýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *