Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp: ABŞ Eýran bilen “göni gepleşiklere” başlar

7-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak Tamda Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahu bilen duşuşdy. Bu, Trampyň prezidentlik döwrüniň ilkinji üç aýynda Netanýahu bilen Ak Tamda geçiren ikinji duşuşygy boldy. Ysraýyl premýer-ministri Trampyň wezipä girişmeginden soň Owal kabinetinde kabul eden ilkinji daşary ýurt lideri boldy.

Tramp duşuşykdan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berip, iki lideriň “ajaýyp” gepleşik geçirendigini we bu gepleşiklerde Eýran hem-de halkara söwda meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Tramp, Birleşen Ştatlaryň Eýranyň ýadro programmasy boýunça “göni gepleşiklere” başlajakdygyny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu gepleşikler şenbe güni ýokary derejede başlanar.

Tramp, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmaly däldigini nygtady. Ol, Eýran bilen güýç ulanmakdan däl-de, “şertnama” baglaşmakdan ugur alýandygyny aýtdy. Mundan ozal, eýran häkimiýetleri ABŞ bilen göni gepleşiklere gitmejekdiklerini, emma araçylar arkaly ylalaşmaga taýýardyklaryny beýan edipdiler. Tramp, bu gepleşikleriň jikme-jiklikleri barada goşmaça maglumat bermedi.

Tramp, şeýle hem, Gaza zolagyndaky urşuň tiz wagtda tamamlanjakdygyna ynam bildirdi. Netanýahu, ABŞ-nyň prezidenti bilen Gaza zolagyndaky ýagdaýy, şeýle-de Birleşen Ştatlar we ÝB tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilen, HAMAS topary bilen täze ýaraşyk baglaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Şeýle hem Siriýadaky ýagdaý barada gürrüň edilipdir.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *