Belarusyň kanun goraýjy edaralary Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlaryny ýurtda bikanun resmileşdirmek boýunça galp bir çarçuwanyň üstüni açdylar. Bu barada “Smartpress” neşiri 7-nji aprelde kanun goraýjy edaralara salgylanyp habar berdi. Maglumata görä, üç belarusly telekeçi birnäçe ýylyň dowamynda 200-den gowrak migrantyň ýurda bikanun girmegini we ýaşamagyny gurnapdyr. Olar taksi hyzmatlaryny ýerine ýetirip, galp resminamalary, ýagny toslama ýa-da hakyky iş berijilerden görkezilýän kagyzlary döwlet edaralaryna tabşyryp... Читать дальше...
Häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýal dogany we öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň maglumat giňişligine örän çalt girdi. Bu ýagdaý onuň möhüm hökümet wezipesine bellenmäge taýýarlanýandygy barada çaklamalary döretdi.
Kärende ýerlerinde ýeralma ösdürip ýetişdirýän ahally daýhanlaryň ençemesi şu günler ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär. Olar suw üpjünçiligi meseleleri boýunça ýerli häkimiýetlere ýüz tutýarlar, ýöne daýhanlaryň öz seslerini eşitdirmek synanyşyklary henize çenli netije bermedi. “Ekerançylyk ýerlerimiz suwsuzlykdan ýaňa, gatap barýar. Biz suw zerur diýip, ýerli arçynlyga ýüz tutduk. Olar ‘nasoslar döwüldi, bejermeli’ diýýärler” diýip, ahally daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu hepde Eýran bilen ýokary derejeli “göni” gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy we bu gepleşikleriň netije bermezliginiň ýagdaýynda Tähranyň “uly howp astynda” boljakdygyny duýdurdy. Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi gepleşikleriň 12-nji aprelde geçiriljekdigini tassyklady, ýöne olaryň “gytaklaýyn” görnüşde geçiriljekdigini aýtdy. Ol 7-nji aprelde X sosial ulgamynda: “Eýran bilen ABŞ şu şenbe güni Omanyň çäginde ýokary derejeli gytaklaýyn gepleşik geçirer. Читать дальше...
Gyrgyzystanyň müftüligi nikap we paranjanyň din tarapyndan hökmany edilmeýändigini, olary geýmedik aýallaryň günäli hasaplanmaýandygyny mälim etdi. Bu barada Müftüligiň ýüzlenmesinde aýdylýar. Müftülik, dini meselelerde diňe şerigat we anyk deliller esasynda pikir beýan etmegiň zerurdygyny, bu meseleleriň dürli bähbitler üçin ulanylmagynyň günä hasaplanýandygyny hem duýdurdy. 3-nji aprelde Milli Howpsuzlyk boýunça Döwlet Komiteti, Jalal-Abad şäherinde we Suzak etrabynda “Wyždan erkinligi we dini... Читать дальше...
Türkmenistanyň gündogar welaýatynyň saglyk pudagynda işgär ýetmezçiligi barha çynlakaý meselä öwrülýär. Azatlyk Radiosynyň bu welaýatyň dürli ýerlerinden habarlaşan çeşmeleri, häzirki wagtda saglyk işgärleriniň, aýratyn hem lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň giň möçberde işlerini taşlap, daşary ýurtlara gidýändiklerini aýdýarlar. Bu ýagdaý ilatyň saglyk hyzmatlaryna elýeterliligini çäklendirýär we näsaglara ýaramaz täsir ýetirýär. Türkmenabadyň saglyk öýleriniň birinde işleýän lukmanyň sözlerine görä... Читать дальше...
Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýurtlarynyň söwda ministrleri 7-nji aprelde Lýuksemburgda geçiren duşuşygynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan girizilen gümrük paçlaryny ýatyrmak boýunça Waşington bilen gepleşikleriň ÝB-niň esasy ileri tutulýan ugruna öwrülmelidigi bilen ylalaşdylar. Şol bir wagtda-da, Bileleşik garşy çäreleriň ilkinji toplumyny taýýarlap başlady. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. ABŞ häzirki wagtda ÝB-niň 27 agza ýurduna garşy polat, alýumin we awtoulaglara 25%, beýleki... Читать дальше...
7-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak Tamda Ysraýylyň premýer-ministri Beniýamin Netanýahu bilen duşuşdy. Bu, Trampyň prezidentlik döwrüniň ilkinji üç aýynda Netanýahu bilen Ak Tamda geçiren ikinji duşuşygy boldy. Ysraýyl premýer-ministri Trampyň wezipä girişmeginden soň Owal kabinetinde kabul eden ilkinji daşary ýurt lideri boldy. Tramp duşuşykdan soň žurnalistleriň soraglaryna jogap berip, iki lideriň “ajaýyp” gepleşik geçirendigini we bu gepleşiklerde Eýran hem-de halkara söwda meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy. Читать дальше...
Ilkinji Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi sammiti 4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde öz işini tamamlady. Iki sebitiň liderleri sammitiň yz ýany bilelikde jarnama kabul edip, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çykarýandyklaryny yglan etdiler.