Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tramp hytaý, rus, Demirgazyk Koreýa liderlrini "ABŞ-a garşy dildüwşük gurmakda" aýyplady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň başlygy Si Szinpini, rus prezidenti Wladimir Putini we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Uny ABŞ-a garşy dildüwşükde aýyplady. Ol bu barada Pekin parady başlanandan gysga wagt soň öz “Truth” sosial ulgamynda ýazdy.

Si Szinpin 20-den gowrak ýurduň ýolbaşçylary bilen bile münbere çykdy. HHR başlygynyň sagyndan Putin, çepinden Kim Çen Un ýöredi, soň olar dabaraly çäräni synlamak üçin şol bir formatda, bile oturdylar.

Si Szinpin harby parady açyp, "Hytaý milletiniň galkynyşyny togtadyp bolmaýar" we Hytaý "hiç haçan sürünýänden gorkmaýar" diýdi. Bu hili termin resmi beýanatlarda adatça ABŞ-ny nazarda tutup aýdylýar.

"Adamzat ýene-de bir gezek parahatçylyk bilen uruş, gepleşik we gapma-garşylyk, bilelikde gazanylýan ýeňiş netijeleri we hiç zat gazanmazlyk oýunlary arasyndaky seçgi bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Tramp aýtdy we "Hytaý halky taryhyň dogry tarapynda berk dur" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

"Bu ýerde jogap berilmeli esasy sorag" Hytaý lideri ABŞ-nyň Hytaýa "örän duşmançylykly daşary ýurt basybalyjysyndan azat bolmagy üçin eden "ägirt uly goldawyny" agzarmy ýa-da ýok” diýip, Tramp aýtdy. Ol "Hytaýyň ýeňiş gazanmagy ugrunda alnyp barlan söweşinde köp amerikalynyň wepat bolandygyny” hem sözüne goşdy.

ABŞ-nyň prezidenti hytaý liderine we hytaý halkyna "beýik" we "ýatdan çykmajak" baýramçylyk gününi arzuw etdi. "Siz ol ýerde ABŞ-a garşy dildüwşük guraýan wagtyňyz, Wladimir Putine we Kim Çen Una meniň iň mähirli arzuwlarymy ýetirmegiňizi haýyş edýärin" diýip, Tramp ýazdy.

Hytaýda geçirilen parada 10,000-den gowrak goşun we ýüzlerçe harby enjam gatnaşdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *