Ahal welaýatynyň potratçylary kärende ýerlerinde ýetişdiren pagta ýygdyrmaga ýygymçy tapanok diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär. Kärendeçiler bu ýagdaýyň her ýyl gaýtalanýandygyny, pagta hasylynyň ýygnaljak wagtynda ellerinde ýeterlik nagt pullarynyň bolmaýandygyny aýdýarlar. “Her ýylda bolşy ýaly, bu ýylam potrat ýerimize seretmekde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Esasy kynçylygymyz nagt pul ýetmezçiligi bilen bagly. Her ýyl pagta hasylyny ýygnap almaly wagtymyz elimiz pulsuz bolýar” diýip... Читать дальше...
Ahal welaýatynda bilim işgärleri, şol sanda mugallymlar 1-nji sentýabrda başlan 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinden mejbury köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylyp başlandy. Mugallymlar bu çärelerden we olaryň çykdajylaryndan halys ýadandyklaryny aýdýan mahaly, ene-atalar çäreler zerarly okuwçylaryň birnäçe sapagynyň ýatyrylandygyny belläp, nägilelik bildirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi. “Şu aýyň başyndan mugallymlar... Читать дальше...
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häkimiýetler VPN ulanýan raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlara garşy göreşini güýçlendirdi. VPN ulgamlaryndan peýdalanyp, ýurtda gadagan edilen sosial ulgamlara girýän we garaşsyz web sahypalary okaýan aýal-gyzlar köpçülikleýin häsiýetde soraga çekilýärler.
Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) döwletlerine tebigy gazy ibermegiň möçberini artdyrmaga taýýardyr diýip, prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda Hytaýyň Týanszin şäherinde geçen ŞHG sammitinde eden çykyşynda aýtdy.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda häkimiýetler VPN ulanýan raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlara garşy göreşini güýçlendirdi. VPN ulgamlaryndan peýdalanyp, ýurtda gadagan edilen sosial ulgamlara girýän we garaşsyz web sahypalary okaýan aýal-gyzlar köpçülikleýin häsiýetde soraga çekilýärler. Olaryň azyndan biri 15 güne çenli tussaglyga höküm edildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi. “Şu günler Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli edarasynyň ofiserleri bilen bir hatarda... Читать дальше...
Blogçy we žurnalist Mirbolat Myrzataýuly Almatyda sosial, milli ýa-da dini ýigrenji öjükdirmekde aýyplanyp tussag edildi (Jenaýat kodeksiniň 174-nji maddasy) diýip, Azatlyk radiosynyň Gazak gullugy habar berýär. Almaty polisiýa bölüminiň derňew bölüminiň başlygynyň orunbasary Kaýrat Kasymbaýew bölümiň binasynyň daşyna ýygnanan aktiwistlere kazyýetiň iki gün içinde onuň üçin öňüni alyş çäresini kesgitlejekdigini aýtdy. Myrzataýuly 2-nji sentýabrda Talgara eden saparyndan soň aragatnaşyga çykmagyny bes etdi. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hytaýyň başlygy Si Szinpini, rus prezidenti Wladimir Putini we Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Uny ABŞ-a garşy dildüwşükde aýyplady. Ol bu barada Pekin parady başlanandan gysga wagt soň öz “Truth” sosial ulgamynda ýazdy. Si Szinpin 20-den gowrak ýurduň ýolbaşçylary bilen bile münbere çykdy. HHR başlygynyň sagyndan Putin, çepinden Kim Çen Un ýöredi, soň olar dabaraly çäräni synlamak üçin şol bir formatda, bile oturdylar. Si Szinpin harby parady açyp, "Hytaý milletiniň... Читать дальше...
"Professional enjamlar zawody" öňki işgärleriniň hasabyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak kararyna geldi, olar Türkmenistanyň raýatlary diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" rus metbugatyna salgylanyp habar berýär. Mtsensk etrap kazyýeti üç işçiniň üstünden edilen meňzeş şikaýatlary kanagatlandyrmak kararyna geldi. Habarda aýdylmagyna görä, Russiýadaky iş beriji üç türkmenistanlynyň her biriniň göçüp gelmegini guramak üçin 122,000 rubl çykdajy edipdir. Olar zähmet şertnamasynyň gapdalyndan möhletinden... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji sentýabrda Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, türkmen, hytaý habar gulluklary habar berýär. Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy diýip, TDH ýazýar. Berdimuhamedow, öz gezeginde, Hytaýa gelmäge çakylyk hem-de bildirilen... Читать дальше...