“Ogurlanan” täjik aktiwisti Ýewropa gaýdyp geldi
Ol 2-nji martda täjik oppozisiýanyň feýspukdaky göni efirinde çykyş edip, “öz işi boýunça alada bildiren ýurtlaryň ählisine sagbolsun” aýtdy.
“Men gelýän birnäçe sagadyň dowamynda has anyk jikme-jiklikleri aýan ederin” diýip, Gadoýew Täjigistanyň gadagan edilen Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiriniň gapdalynda durup aýtdy.
Gadagan edilen Topar-24 oppozisiýa hereketiniň agzasy bolan Godoýew golaýda Täjigistanda peýda bolup, onuň Orsýete sapary mahalynda alnyp gaçylandygy barada beýanatlar edildi.