Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2019

Новости за 03.03.2019

Azathabar.com 

Estoniýalylar parlament agzalaryny saýlamak üçin ses berýärler

Estoniýalylar 3-nji martda baltika ýurdunyň 101 orunly parlamentiniň agzalaryny saýlamak üçin umumy saýlawlarda ses berýärler, premýer-ministr Juri Ratasyň Merkez partiýasy sesleriň köpüsini aljaga meňzeýär. 1.32 million çemesi ilatly ozalky sowet respublikasynda 1 milliona golaý adam ses bermek hukugyna eýe bolup, saýlawlarda 10 syýasy partiýa we 15 garaşsyz kandidat goldaw almak üçin bäsleşýär. Ses berişlik ýerli wagt bilen sagat 9-da başlandy we agşam 8-de tamam bolýar. Ilkinji deslapky netijeleriň ýarygijede yglan edilmegine garaşylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Horwat žurnalistleri ýanamalaryň bes edilmegine çagyrýar

Birnäçe ýüz horwat žurnalisti paýtagt Zagrebde toplanyp, metbugat azatlygynyň gysylmagyna we žurnalistlere basyş edilmegine garşy protest bildirdi. 2-nji martdaky ýygnanyşyk Horwat žurnalistler birleşigi tarapyndan, ýurtda žurnalistlere we metbugat guramalaryna garşy açylan 1 müň 1 ýüzden gowrak jenaýat işine garşy protest bildirmek üçin gurnaldy. Protestçiler Zagrebiň merkezinden jürlewük çalyp, deprek kakyp, ýöriş etdiler.  "Žurnalistleri ýanamagy bes etmeli... Bu onlarça ýyllap dowam etdi” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Günorta Owganystana gelen sil azyndan 20 adamy öldürdi

Owganystanyň Kandagar welaýatyna gelen sil netijesinde azyndan 20 adam, şol sanda çagalar heläk boldy diýip, BMG-niň kömek resmileri aýtdylar. BMG-niň ynsanperwerçilik meselelerini utgaşdyrýan edarasy 2-nji martda Kandagar şäherine we onuň töweregindäki etraplara ýagan agyr ýagyşdan soň gelen siliň jaýlary we maşynlary süpürip äkidendigini aýtdy. "Azyndan 10 adam, şol sanda çagalar şindi hem tapylmaýar” diýip, BMG-niň agentligi aýtdy. "2 müňe çenli jaýa zyýan ýeten bolmagy mümkin” diýip, beýanatda aýdylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Azerbaýjanly blogçy Huseýnow iki ýyldan soň türmeden boşadyldy

Azeri žurnalisti, korrupsiýa garşy blogçy Mehman Huseýnow iki ýyllyk türme tussaglyny tamamlap, azatlyga çykdy. Onuň tussag edilmegi, syýasy äheňli diýip, halkara jemgyýetçiligi we tankytçylar tarapyndan berk tankyt edildi. Huseýnow türmeden 2-nji martda boşadyldy. Ol 2017-nji ýylyň ýanwarynda, özüne polisiýa tarapyndan ýowuz daraşylandygyny aýdyp, tötmet atdy diýlip tussag edildi. Huseýnow azatlyga çykanyndan soň laýyk 14 ýyl öň, 2005-nji ýylda atylyp öldürilen azerbaýjan žurnalisti Elmar Huseýnowyň Bakuwdaky mazaryna zyýarat etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

“Ogurlanan” täjik aktiwisti Ýewropa gaýdyp geldi

Tanymal täjik oppozision aktiwisti, geçen aý bosgunlykda ýaşaýan ýurdy Niderlandiýadan Duşenbä gelip düşen Şarofiddin Gadoew Ýewropa dolanyp geldi. Ol 2-nji martda täjik oppozisiýanyň feýspukdaky göni efirinde çykyş edip, “öz işi boýunça alada bildiren ýurtlaryň ählisine sagbolsun” aýtdy. “Men gelýän birnäçe sagadyň dowamynda has anyk jikme-jiklikleri aýan ederin” diýip, Gadoýew Täjigistanyň gadagan edilen Yslamçy täzeden döreýiş partiýasynyň lideri Muhiddin Kabiriniň gapdalynda durup aýtdy.... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *