Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýetiň sudy 20 ýaşly ukrainalyny 'terrorçylyk' bilen baglylykda alty ýyl türmä höküm etdi

Orsýetiň sudy Ukrainanyň 20 ýaşly raýaty Pawlo Hryby "terrorizmi mahabatlandyrmak" aýyplamasynyň esasynda alty ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Hryb bu aýyplamalary ret edýär. 


Demirgazyk Kawkazyň Rostow-na-Donu şäheriniň sudynyň çykaran kararyny 21-nji martda yglan eden pursadynda Hryb özüniň bigünädigini aýdyp, açlyk yglan etdi.   


Hryb 2017-nji ýylyň awgust aýynda onlaýn tanyşan aýal bilen duşuşmak üçin Belarusa barandan soň ýitirim bolupdy.


Onuň garyndaşlary ýigidiň Orsýetiň Federal Howpsuzlyk gullugynyň guran hilesine duçar bolandygyny hasap edýärler. Hryb soňra Orsýetiň tussaghanasynda saklanyp, terrorizme ündemekde aýyplandy.


Orsýetiň derňewçileri ukrainaly Pawlo Hrybyň internetden peýdalanyp, Orsýetiň Soçi şäherinde ýetginjek gyza partladyjy maddany ulanyp terrorçylykly akty amala aşyrmak boýunça instruksiýa berendigini aýdýarlar.


Ýigidiň kakasy Igor Hryb ogluna garşy Orsýetde öňe sürülýän aýyplamalaryň onuň Orsýetiň Ukraina goşulmagyny açlyk tankyt edip çap eden maglumatlary bilen bagly bolandygyny aýdýar. 


Orsýetiň 2014-nji ýylda Krym ýarym adasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşmagyny dünýäniň azyndan 100 ýurdy bikanun hasaplaýar. Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň Ukrainanyň gündogarynda alyp barylýan uruşunyň netijesinde 13 müň çemesi adam wepat boldy. 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *