Polisiýa Aşgabatda reýd geçirýär; 'Mir' etrapçasynda pilotsyz uçýan enjam gaçdy
Nowruz baýramçylygynyň bosagasynda Aşgabadyň polisiýasy paýtagtyň birnäçe etrabynda reýd geçirýär.
Nowruz baýramçylygynyň bosagasynda Aşgabadyň polisiýasy paýtagtyň birnäçe etrabynda reýd geçirýär.
21-nji martda türkmen halky Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi belleýär. Taryhçylaryň tassyklamagyna görä öz geçmişini gadymyýetden alyp gaýdýan bu baýramçylyk Türkmenistanda döwlet derejesinde, şeýle-de halk arasynda giňden bellenýär.
Kabuldaky şaýy metjidiniň daşynda janyndan geçeniň amala aşyran hüjüminde azyndan 29 adam ölüp, 50-den gowrak adam ýaralandy diýip, Owganystanyň saglyk ministrligi habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni geçirilen hökümet maslahatynda, halkara Nowruz güni mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi.
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 27-nji martda Türkmenistana döwlet saparyny eder. Eýranyň Mehr agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanda geçiriljek gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga degişli ylalaşyklaryň berjaý edilişi ara alnyp maslahat ediler. Eýranyň prezidentiniň Türkmenistana saparyna taýýarlyklar meselesi 1-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maslahat edilipdi. Türkmenistanyň we Eýranyň resmileri iki ýurduň arasynda ýokary derejeli gepleşikleriň ähmiýetini nygtapdy... Читать дальше...
Ysraýylyň harbylary 2007-nji ýylda Siriýanyň güman edilýän ýadro reaktoryny ýumurandygyny ilkinji gezek formal taýdan boýun aldylar we howadan edilen hüjümleriň netijesinde Ysraýyla garşy howpy aradan aýyrandygyny aýdyp, munuň başgalara “duýduryş” bolandygyny bellediler. Ysraýylyň 21-nji martda eden bu beýanatyna onuň ganym duşmany Eýrana duýduryş hökmünde seredildi. Ysraýyl Eýranyň Siriýada, aýratynam ýurduň Ysraýyla ýakyn böleklerinde, harby taýdan ornaşmagyna garşy duýduryş berip gelýär. Geçen... Читать дальше...
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň ilçilerine Orsýetiň 2015-nji ýylyň baharyndan bäri iri halkara ýaryşlaryndan çetleşdirilmegine sebäp bolan halkara doping düzgünlerini üýtgetmek üçin ýol tapmagy tabşyrdy. Putiniň dördünji prezidentlik möhletine saýlanmagynyň yzýany 20-nji martda eden bu birinji kararynda Daşary işler ministrliginiň dünýäde dopinge garşy çäreleriň esasynda duran baş ylalaşyklary üýtgetmäge synanyşmalydygy aýdyldy. BMG-niň UNESCO fondy bilen işleşýän orsýet diplomatlary... Читать дальше...
21-nji martda Kabulyň şaýy metjidinde bolan bomba partlamasynda azyndan 29 adam wepat boldy we 50-den gowrak adam ýaralandy diýip, Owganystanyň Saglyk ministrligi habar berdi. “Gynansak-da, hadysada 29 sany owgan raýaty janyny berdi we 52 adam ýaralandy” diýip, ministrligiň metbugat-wekili Wahidullah Majrooh AÝ/AR-na aýtdy. Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekiliniň orunbasary Nusrat Rahiminiň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, hüjümde wepat bolanlaryň aglaba köpüsi raýatlardy. Jogapkärçiligi “Yslam... Читать дальше...
Welaýat belgili awtoulaglaryň Aşgabada goýberilmegine gadagançylyk dowam edýär. Bu gadagançylygyň ýaşaýjylar üçin döredýän kynçylyklary barada, hususan-da, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýaşaýjylary gürrüň berdiler. Lеbap wеlaýatyndan özüni Hеmra diýip tanyşdyran söhbetdeşimiz Aşgabatda ýaşaýan öz ýakyn hossarlarynyň aradan çykmagy zerarly, ony jaýlamaga ýetişmеk üçin, ýakynlary bilеn hususy awtoulagynda Aşgabada ugranynda, paýtagtdan 17 kilomеtr uzaklykda, olary polisiýanyň Gäwers ýol gözеgçilik gullugnyň postunda saklap... Читать дальше...