Owganystanyň iň ýokary dini organynyň ýygnagyna hüjüm edildi, ýedi adam öldi
Owganystanyň howpsuzlyk işgärleri Kabulda ýurduň ýokary dini organynyň ýygnagynda bomba partlap, azyndan ýedi adamyň ölendigini, dokuz adamyň hem ýaralanandygyny aýdýarlar.
Owganystanyň howpsuzlyk işgärleri Kabulda ýurduň ýokary dini organynyň ýygnagynda bomba partlap, azyndan ýedi adamyň ölendigini, dokuz adamyň hem ýaralanandygyny aýdýarlar.
26-28-nji maý aralygynda Türkmenistanyň dürli künjeginde duýulan seýrek howa hadysasy ýurtda adamlaryň gündelik durmuşyna, olaryň jan saglygyna, şeýle-de oba hojalyga we käbir infrastrukturalara oňaýsyz täsir etdi.
Orsýetiň Altaý Kraý regionyndaky tanymal şahs we oppozision aktiwist Aýdar Kudirmekow özüniň howpsuzlygy barada alada edip, ýurdy terk etdi. 3-nji iýunda Kudirmekow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň birinden gaçybatalga alandygyny aýtdy, ýöne howpsuzlyk aladalary sebäpli bu döwletiň adyny aýtmakdan saklandy. Kudirmekow maý aýynda ýerli häkimiýetler maliýe galplyklarynda şübhelenip, özi barada derňewlere başlandan soň, Orsýeti terk etmek kararyna gelendigini aýtdy. Читать дальше...
Gürjüstanda metro işgärleriniň iş taşlaýyş yglan etmegi netijesinde gürji paýtagtynda transport gatnawy haýallady. Bu waka Tbiliside hökümetiň işden çekilmegini talap edýän protestçiler özleriniň demonstrasiýalaryna bäşinji güni hem dowam etmäge taýýarlanýan mahaly boldy. 4-nji iýunda Tbilisiniň ähli metro stansiýalary ýapyldy we şäheriň häkimiýetleri ýaşaýjylary awtobus hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrdy. Tbilisiniň häkimi Kakha Kaladze transport problemalary sebäpli ýaşaýjylardan ötünç sorady... Читать дальше...
4-nji iýunda Azerbaýjanyň sudunyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň azadliq.org websaýtynyň häkimiýetler tarapyndan petiklenmegine garşy edilen arza-şikaýat boýunça karar çykarmagyna garaşylýar. Azerbaýjanyň Aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrligi ýurduň Baş prokuratura edarasynyň buýrugy esasynda 2017-nji ýylyň mart aýynda azadliq.org websaýtyna girmegi böwetläpdi. Şonda Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy bu websaýtyň ýurduň milli howpsuzlygyna “howp” abandyrýandygyny aýdypdy. Читать дальше...
Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşoguzda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy täze rekord derejä ýetip, 4-nji iýunda 1 amerikan dollary 29 manada barabar boldy.
Türkmenistanda ýaşy 70-e ýetmedik hormatly dynç alyşdaky raýatlaryň öz pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan nagt görnüşinde däl-de, eýse plastik kartlarynyň üsti bilen bankomatlardan almaly edilenindän bäri, ýaşuly nesil kömek pullaryny almakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlady.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanda “gülençi”, ýagny ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen gatnaşyk saklamakda güman edilen 18 raýatyň “eden-etdilikli” ýagdaýda uzak-möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini aýdýar.
Owganystanyň howpsuzlyk resmileri ýurduň iň ýokary dini edarasynyň Kabuldaky üýşmeleňine edilen bombaly hüjümde azyndan ýedi adamyň ölendigini we başga-da dokuz sanysynyň ýaralanandygyny aýdýarlar. 4-nji iýundaky hüjümden gysga wagt öň geçirilen duşuşykda, owgan Ulema geňeşi ýörite dini buýruk, ýagny fatwa çykardy. Bu dini buýruga laýyklykda, yslam dininiň düzgünlerine görä janyndan geçen hüjümleri amala aşyrmak “haram” diýlip, gadagan edilýär. Partlamada ölen adamlaryň arasynda näçe sany ruhanynyň... Читать дальше...