Iki ýurduň arasyndaky 'ynjyk gatnaşyklaryň' fonunda, Täjigistanda türkmen medeniýet günleri geçirilýär
14 – 15-nji oktýabrda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu barada Täjigistanyň Medeniýet ministrligi beýanat ýaýratdy.
14 – 15-nji oktýabrda Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Bu barada Täjigistanyň Medeniýet ministrligi beýanat ýaýratdy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Lebap welaýat bölüminde işleýänleriň hak-hukuklaryndan doly peýdalanyp bilmeýändigi we mundan nägile bolanlaryň köpelýändigi öňe sürülýär. Aýdylşyna görä, munuň sebäbi: parahorluk we garyndaşparazlyk.
Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda çilim indi bir ýarym aý çemesi wagt bäri satylmaýan mahaly, onuň hususy eýeçilikdäki dükanlardaky bahasy barha gymmatlaýar.
Moskwanyň kafesinde Russiýanyň hökümet resmisini ýençmekde aýyplanýan iki futbolçy deslapky tussaghana iberildi.
Türkmenistanda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň öňküsinden 50 % ýokarlandyrylandygy barada habarlaryň gelip gowuşýan wagty, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýygymçylaryň tölegleri gijikdirilýär. Bular barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy maglumat berýär.
Germaniýanyň sudunyň 12-nji oktýabrda aýtmagyna görä, bolgariýaly teležurnalisti zorlamakda we öldürmekde güman edilýän adam ýakyn günlerde Bolgariýa ekstradisiýa ediler. Germaniýanyň Kelle şäheriniň baş regional sudunyň beýanatyna görä, zulumkeş bolmakda güman edilýän 20 ýaşly adam zenany "öldürmek islemändigini we ony zorlamandygyny aýtdy". "Tussag edilen adam 2018-nji ýylyň 6-njy oktýabrda pida bilen sözde tersleşendigini boýun aldy" diýlip beýanatda aýdylýar. Suduň aýtmagyna görä, güman... Читать дальше...
Täjigistanyň paýtagty Duşenbede we Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky medeniýet günleri geçiriler. Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň 11-nji oktýabrda mälim etmegine görä, Türkmenistanyň resmi topary we medeni wekilleriniň 14-nji oktýabrda barmagyna garaşylýar. Täjik metbugatyna görä, resmi duşuşyklar we medeni çäreler 15-nji oktýabrda geçiriler. Täjigistanyň Milli muzeýinde iki ýurduň resmi toparlaryň duşuşygy we metbugat konferensiýasy, şeýle-de... Читать дальше...
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Serbiýa eýranlylar üçin wizasyz düzgüni girizmeginden bir ýyldan gowrak wagt geçensoň ýatyrdy. Ýurduň resmileri bu kararyny eýranlylaryň bu düzgünden Ýewropada hemişelik ornaşmak üçin ýol hökmünde peýdalanýandygyna aladalanýandygy bilen düşündirdiler. Serbiýanyň hökümeti ýurda barýan migrantlaryň bu düzgünden Ýewropa Bileleşigine bikanun barmak üçin hyýanatçylykly peýdalanýandygyny baradaky çykyşlaryň edilýän wagtynda Eýran üçin wizasyz statusyny 11-nji oktýabrda ýatyrdy. Wiza düzgüni geçen ýylyň 17-nji awgustynda ýatyrylany bäri... Читать дальше...
Halkara maliýe fondunyň ýolbaşçysy (HMF) Pakistanyň hökümetiniň adatdan daşary karz soramagynyň yzýany bu ýurda öz toparyny ugradýandygyny aýtdy. HMF-yň Dolandyryjy müdiri Kristine Lagarde bu beýanaty bilen Pakistanyň maliýe ministri Asad Umar bilen Indoneziýada 11-nji oktýabrda geçiren duşuşygynyň yzýany çykyş etdi. Eger karz makullansa bu HMF-yň 1988-nji ýyldan bäri Pakistana berýän 13-nji maliýe ýardamy bolar. Guramanyň Yslamabada soňky karzy 2013-nji ýylda ýylda berlipdi we onuň mukdary... Читать дальше...
Orsýet "Soýuz" kosmiki gämisiniň şowsuz uçurylmagyndan soň uçuşlaryň ählisini yza tesdirdi. Orsýetiň "Roskosmos" kosmiki agentliginiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, 11-nji oktýabrda uçurlan wagtynda adatdan daşary ýagdaýda kosmiki raketany terk eden "Soýuz" missiýasynyň komandasy indiki gezek kosmosa 2019-njy ýylyň baharynda çykar. Emma kosmos agentligi kosmiki gäminiň awariýa sebäp bolan näsazlygy anyklanýança "Soýuz" kysymly ähli apparatlaryň uçuşlaryny ýatyrýandygyny 12-nji oktýabrda mälim etdi. Читать дальше...
Hukuk toparlary Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça baş wekili we Ýewrokomissiýanyň wise-prezideti Federike Mogeriniň Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow bilen geçirmeli gepleşiginiň öňüsyrasynda, ýewropaly resmä açyk hat ýolladylar.