Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2018

Новости за 23.10.2018

Azathabar.com 

Aşgabatda onlarça ýaşaýyş jaýyň ýumrulmagyna garaşylýar

Türkmenistanyň paýtagtynda ýene-de ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, bu gezek türkmen paýtagtynyň merkezinde ýerleşýän köp öýli we aýra duran ýaşaýyş jaýlaryň onlarçasy ýykylýar.  "Ýene-de ýykyşlyk, hut Aşgabadyň merkezinde saklanyp galan hususy jaýlar Hoja Annadurdyýew (öňki Kalinin) we 2008 nomerli (öňki Borodinskaýa) köçeleriniň ugrunda duran jaýlar. Olar prezidentiň köşgüniň we Sungat akademiýasynyň golaýynda ýerleşýär" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 23-nji oktýabrda habar berdi.

Azathabar.com 

Erdogan Haşoginiň öldürilmeginiň birnäçe gün öňünden 'planlaşdyrylandygyny' aýdýar

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan saud arabystanly žurnalist Jamal Haşoginiň öldürilmeginiň birnäçe gün öňünden “planlaşdyrylandygyny” aýdýar. 23-nji oktýabrda türk parlamentinde geçirilen ýygnakda Erdogan Haşoginiň öldürilmeginden bir gün ozal, saud arabystanly agentleriň bir toparynyň Türkiýä gelip başlandygyny aýtdy. “The Washington Post” neşiriniň synçysy Haşogi öýlenmek üçin resminamalary almak üçin 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulhanasyna girenden soňra ýitirim bolupdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ablýazowyň öňki aklawçysynyň doganyna korrupsiýa aýyplamalarynda ýedi ýyl kesildi

Gaçgaklykdaky tüçjar Muhtar Ablýazowyň aklawçysynyň erkek dogany, gazak işewüri Iskander Erimbetow korrupsiýa aýyplamalarynda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar. 22-nji oktýabrda Almatynyň sudy Erimbetowy we onuň üç egindeşini maliýe galplygynda aýyplap, karar çykardy. Tussaglaryň ikisi dört ýyl iki aý türme tussaglygyna, üçünjisi üç ýyl şertli tussaglyga höküm edildi. Erimbetow we onuň egindeşleri 2017-nji ýylyň noýabr aýynda tussag edilipdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýa we Pakistan bilelikdäki harby-tälim türgenleşigine başlady

Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Haýber Puhtunhwa welaýatyndaky daglyk sebitde 200 çemesi rus we pakistanly harby bilelikdäki harby-tälim türgenleşigine başlady. “Družba-2018” harby-tälim türgenleşigine Demirgazyk Kawkaz respublikasy Garaçaý-Çerkezde ýerleşýän moto-atyjylyk brigadasynyň 70 sany harbysy gatnaşýar diýip, Russiýanyň Günorta harby etraby özüniň 22-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda aýtdy. Bu harby-tälim türgenleşikler 4-nji noýabra çenli dowam eder. “Družba-2018” (Dostluk)... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystandaky hüjümde bir çeh esgeri öldi we başga-da iki sanysy ýaralandy

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda içerden amala aşyrylan ýaly bolup görünýän hüjümde NATO-nyň liderligindäki Rezolýusiýa goldaw missiýasynyň bir esgeri öldürildi we başga-da iki sanysy ýaralandy. NATO missiýasynyň Kabuldaky baş edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, “başlangyç maglumatlar hüjümiň owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzasy tarapyndan amala aşyrylandygyny görkezýär”. Çeh harbylary wakada ölen we ýaralanan üç esgeriň Çehiýa respublikasyndandygyny mälim etdi. Beýanatda iki esgeriň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hytaý deňziň üstünden geçýän dünýäniň iň uly köprüsini açdy

Hytaý Gong-Kong bilen Hytaýy birikdirýän we deňziň üstünden geçýän dünýäniň iň uly köprüsini açdy. Bu köpriniň gurluşygy 10 ýyl dowam etdi. 23-nji oktýabrda Hytaýyň Çžuhaý şäherinde geçirilen açylyş dabarasyna prezident Si Jinping gatnaşdy. Köpriniň uzynlygy 55 kilometre barabar bolup, ol geçiş ýollaryny, geçelgeleri we ýerüsti tunelleri öz içine alýar. Bu köpri Hytaýyň günortasyndaky kenarýaka üç şäheri birleşdirýär: Gong-Kong, Makau we Çžuhaý. Köpri adaty awtoulag hereketi üçin 24-nji oktýabrda açylar. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *