Owgan saýlawlarynda türkmenler nähili ses berdiler?
Owganystanda 20-nji we 21-nji oktýabrda ýurtda mejlis saýlawlary geçirilýär. Türkmenleriň halk wekilligine dalaşgärleri hem bu saýlawda bäsleşýärler.
Owganystanda 20-nji we 21-nji oktýabrda ýurtda mejlis saýlawlary geçirilýär. Türkmenleriň halk wekilligine dalaşgärleri hem bu saýlawda bäsleşýärler.
Owganystanda tertip ikinji gün bäri parlament saýlawlary geçirilýär. Ses berilişigiň birinji gününde, tehniki we howpsuzlyk meseleleri sebäpli, saýlaw uçastoklarynyň ýüzlerçesi ýapylypdy. Saýlaw resmileri ses berilişigiň ýekşenbe güni 401 saýlaw uçastogynda dowam etdiriljekdigini aýtdylar. Maglumata görä, ses bermek üçin hasaba duran dokuz million raýatyň üç milliondan gowragy şenbe güni 4 müň 500 saýlaw uçastogynda ses beripdir. Saýlaw döwri jeňçileriň amala aşyran hüjümlerinde onlarça adam öldi we ýaralandy. Читать дальше...
Waşingtonyň Sowuk Urşy döwrüniň Russiýa bilen baglaşylan ýaraglary kontrol etmek ylalaşygyndan çykmak planlary “örän howply ädim bolar” diýip, Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow aýtdy.
Aşgabatda Agyr atletika boýunça geçjek Dünýä çempionatyna, rekord derejede, ýagny dünýäniň 91 döwletinden 693 türgen gatnaşar. Bu baradaky degişli jemleýji sanaw Agyr atletikanyň Halkara federasiýasynyň saýtynda çap boldy. 1-10-njy noýabr aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçjek çärede erkekleriň 84-nji we aýallaryň 27-nji Dünýä çempionatlary geçiriler. Maglumat üçin aýdylsa, 2011-nji ýylda Parižde geçirilen çempionata 87 döwletden türgen gatnaşan bolsa, 1999-njy ýylda Afinyda geçirilen ýaryşda 626 agyr atletikaçy çykyş edipdir. Читать дальше...
Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçýän göreş boýunça Dünýä çempionatynda Türkmenistandan dört pälwan öz güýjüni synap görer. 20-28-nji oktýabr aralygynda geçýän çempionatda erkin göreş boýunça 70 kg agram derejesinde Batyr Borjakow, 79 kg agram derejesinde Döwletmyrat Orazgylyjow; greko-grim göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda 67 kg agram derejesinde Seýdulla Tazaýew we 77 kg derejesinde Şermet Permanow dagy çykyş ederler. Çempionata dünýäniň 114 döwletinden 860-dan gowrak pälwan gatnaşýar.
Saud Arabystany türkmen gazyny Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek, TOPH gazgeçiriji proýektiniň türkmen böleginiň gurluşygyna goşmaça maliýe serişdelerini bölüp berdi. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde mälim edildi. Türkmen döwlet habarlar gullugy munuň bilen baglylykda, saud ösüş gaznasy tarapyndan bölünip berlen maýa goýum serişdeleri daşary ýurt maýadarlarynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýändigini öňe sürdi. Читать дальше...
Eýranda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, ýurduň senagat we ýollar ministrleri wezipelerinden çekildiler. Prezident Hassan Rohani beýanat arkaly senagat ministri Mohammad Şariatmariýe we ýollar ministri Abbas Akhoundiýe, olaryň “janaýamazlykly hyzmaty” we “akýürekli tagallalary” üçin, minnetdarlygyny bildirdi. Maglumata görä, iki ministr işden gitmek baradaky arzalaryny mundan bir aý öň tabşyrypdyrlar. Awgustda Rohaniniň iş we ykdysady ministrleri hem, kanunçykaryjylaryň ýurduň ykdysady... Читать дальше...