Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2019

Новости за 05.07.2019

Azathabar.com 

Lebapda ýarawsyz ýaşlar harby gulluga ‘alnyp gidilýär’

Türkmenistanda ýaşlary çagyryş boýunça harby gulluga almagyň ýazky möwsüminiň tamamlanandygyna garamazdan, 18 ýaşy dolan oglanlary, hatda ýarawsyz ýaşlary harby gulluga alyp gitmek çäresi dowam edýär. Bu barada “turkmen.news” neşiri habar berýär.

Azathabar.com 

Orsýet Türkmenistanyň Azerbaýjanyň üstünden ÝB ýurtlaryna gaz ibermegine garşy durýar

Orsýetiň Türkmenistandan Azerbaýajana çekilmekçi bolýan Transhazar geçirijisiniň gurluşygyna garşy durýandygy habar berilýär. Azerbaýjanyň “Minval” neşiriniň maglumatyna görä, Russiýa Federasiýasynyň Bakuwdaky ilçisi Mihail Boçarnikow bu meselede Orsýetiň pozisiýasyny aýan etdi. “Orsýetiň bu meseledäki pozisiýasy üýtgewsiz galýar. Ozaly bilen, biz daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklary esasynda öz üstümize alan borçnamalarymyzyň talaplaryndan ugur almaly, şeýle-de aýratyn alnan “ykdysady... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan rus-türkmen goşa raýatlara pasport bermek üçin dokumentleri kabul edip başlady

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy Orsýetiň raýatlygyny 2003-nji ýyldan soň alan türkmenistanlylara daşary ýurt pasportyny bermek boýunça dokumentleri kabul edip başlady. Bu barada 4-nji iýulda Azatlygyň Moskwadaky we Aşgabatdaky çeşmeleri hem habarçylary aýdýarlar.  Orsýetiň hem raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylaryň daşary ýurt pasporty üçin dokumentleriniň kabul edilip başlanandygy barada Azatlyga 4-nji iýulda mälim boldy.  "Raýatlaryň bu kategoriýasyna 10 000 çemesi adam girýär" diýip, çeşmelerimiziň biri belledi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Germaniýaly zenan YD agzalygy üçin 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

32 ýaşyndaky germaniýaly zenan “Yslam döwleti” terror guramasynyň agzasy bolandygy üçin 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, Germaniýanyň günorta-günbataryndaky Stuttgart şäheriniň sudy aýtdy. Regional suduň karary 5-nji iýulda, sud edilýäne daşary ýurt terror guramasyna goşulandygy üçin ýyl kesilenden soň yglan edildi. Sabine Ulrike S. diýlip tanadylan aýal, suda aýdylmagyna görä, 2013-nji ýylyň aýagyndan 2017-nji ýylyň awgustyna çenli Siriýada ýaşapdyr. Prokurorlar bu aýalyň Siriýa barandan soň kän wagt geçmänkä YD söweşijisine... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tunisiň golaýynda gämileri çöküp, 80 migrant ölendir öýdülýär

Tunis kenarlarynda gämileri çöken 80 çemesi migrant ölendir öýdüp gorkulýar diýip, Halkara Migrasiýa guramasynyň sözçüsi Flavio Di Giacomo 4-nji iýulda twitterde çap eden beýanatynda aýtdy. "Gämi heläkçiligi Tunisiň kenarlarynda boldy, aman galan 4 adam halas edildi we Tunise getirildi. Olar özleriniň çişirme gämisinde 86 adamyň bolandygyny aýtdylar. 80 çemesi migrant ölendir öýdülýär” diýip, ol twitinde ýazdy. Aman galan migrantlaryň biri biraz soň hassahanada jan berdi diýip, habarlarda aýdyldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Eýranyň nebit tankeriniň saklanmagyny “ajaýyp habar” atlandyrýar

Birleşen Ştatlar özüniň Britaniýanyň Gibraltaryň golaýynda Eýranyň nebit tankerini tutup saklamagyny gutlaýandygyny aýtdy we muny “ajaýyp täzelik” diýip häsiýetlendirdi. Emma Tähran öz gämisiniň saklanylmagyny “bikanun gatyşma” diýip atlandyrdy. "Ajaýyp habar: Birleşen Patyşalyk eýran nebiti ýüklenen we ÝB sanksiýalaryny bozup, Siriýa tarap barýan“Grace I” super tankerini tussag etdi” diýip, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton 4-nji iýuldaky twitinde ýazdy. "Amerika & biziň ýaranlarymyz... Читать дальше...

Azathabar.com 

Sudan harbylary we protest liderleri dolandyryjy geňeş döredýär

Sudanyň dolandyryjy generallary, ýurduň syýasy gapma-garşylygyny soňlamak maksady bilen, protest liderleri bilen häkimiýet bölüşmek ylalaşygyna geldiler. Iki tarap 4-nji iýulda “harbylaryň we siwilleriň arasynda üç ýa-da ondan biraz köp döwür içinde aýlanýan özygtyýarly geňeş döretmek ylalaşygyna geldiler” diýip, Afrikan Bileleşik araçysy Mohamed Hassan Lebatt metbugat ýygnagynda aýtdy. Bu ylalaşyk paýtagt Hartumda iki gün dowam eden gepleşiklerden soň gazanyldy. Mundan öň, maý aýynda dolandyryjy... Читать дальше...

Azathabar.com 

Resmi habar: Içerki bosgunlykdaky müňlerçe owgan öýüne dolanýar

Harby operasiýalar we jeňçi hüjümleri arasynda obalaryny terk eden 2 müňden gowrak maşgala, howpsuzlyk ýagdaýlary gowulanyp, öýlerine dolanýarlar diýip, Nangarhar welaýatynyň ýerli häkimiýetleri aýtdylar.  Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Ataullah Khogýani Azatlyk radiosyna içerki bosgunlyga düşen adamlaryň Bati Kot, Kot, Momand Dara we Şinwar etraplaryndaky öýlerine dolanyp gelendiklerini aýtdy. “Jemi 14 müň çemesi maşgala yzlaryna, öýlerine dolanyp gelmek isleýändigini aýtdy” diýip, Khogýani 4-nji iýul güni giçlik aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Belarus ugrundaky söweşelere gatnaşan türkmenler medal bilen sylaglandy

Belarus topragyny nemes basybalyjylaryndan azat etmäge gatnaşan türkmenistanlylar ýadygärlik medallary bilen sylaglandy diýip, BelTA habar agentligi Belarusyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär. “Basybalyjylara garşy egin-egne berip söweşen belaruslaryň we türkmenleriň söweş doganlygy Beýik Watançylyk Urşunyň senenamasynyň ýörite sahypasy boldy” diýip, habarda bäş türkmenistanlynyň Belarusy azat etmek ugrundaky söweşlerde görkezen edermenlikleri we gaýduwsyzlyklary üçin iň ýokary derejä, Gahryman adyna eýe bolandygy aýdylýar. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *