Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2019

Новости за 10.10.2019

Azathabar.com 

Aşgabatda öýsüz itleriň we pişikleriň awlanmagy dowam etdirilýär

Türkmenistanyň paýtagtynda häkimiýetler öýsüz haýwanlary ýok etmek boýunça çärelerini dowam etdirýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we garaşsyz habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, şu günler öýsüz haýwanlary ýok etmek işine köçe süpürijilerden başga-da, polisiýa we hakyna tutulýan adamlar çekilýärler.

Azathabar.com 

Türk harbylary Siriýa hüjümini dowam etdirýärler

Türkiýäniň gury ýer güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky kürt güýçlerine garşy hüjümlerini tertip ikinji gün dowam etdirýärler. “Biziň edermen harbylarymyz Parahatçylygyň Gözbaşy Hereketiniň çäklerinde Ýefratyň gündogary boýunça ilerlemegi dowam etdirýärler” diýip, Türkiýäniň Goranmak ministrligi 10-njy oktýabrda Twitterde ýazgy galdyrdy. Şeýle-de, onda türk harby güýçleriniň nyşana alan maksatlaryny eýeländikleri hem bellenilýär. Mundan öň, türk harby güýçleri howa zarbalarynyň netijesinde 181 nyşanany urandyklaryny hem mälim etdiler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ždanow: Nawalnynyň Fonduna ýollanan pullar petiklenen hasaba ugradyldy

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy Fondunyň (FBK) başlygy topara Ispaniýadan tölegleriň edilendigini tassyklady, emma olaryň petiklenen hasaba geçirilendigini aýtdy. Fondyň direktory Iwan Ždanow “Dožd” telekanalyna 10-njy oktýabrda beren interwýusynda ispan kompaniýasyndan 140 müň rubl möçberinde maliýe serişdeleriniň donat edilendigini aýtsa-da, munuň “prowokasiýa” bolan bolmagynyň mümkindigini çaklady. “Bular ýaly ýagdaýlar öňler hem bolýardy. Biz şonda aňsatlyk bilen maliýe serişdelerini yzyna öwürýärdik. Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin Kremliň esasy maslahatçylarynyň birini wezipesinden boşatdy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kremliň esasy maslahatçylarynyň biri Sergeý Glazýewi wezipesinden boşatdy. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Glazýewiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almak boýunça çäreleri koordenirlemekdäki roly üçin, oňa garşy  sanksiýalary girizipdi. Glazýew 2012-nji ýyldan bäri Putiniň maslahatçysy bolupdy. Putin ony wezipesinden boşatmak baradaky karara 9-njy oktýabrda gol goýdy. 1-nji oktýabrda Glazýewiň Ýewraziýa Ykdysady Komissiýasynyň Integrasiýa we Makroykdysady ministri wezipesine bellenendigi habar berilipdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tährandaky futbol duşuşygyna müňlerçe aýal tomaşaçynyň goýberilmegine garaşylýar

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň saýlap alyş tapgyrynyň çäginde Eýranyň Kamboja bilen duşuşygyna müňlerçe eýranly aýal janköýeriň hem goýberilmegine garaşylýar. Futbol oýny 10-njy oktýabrda Tähranyň Azadi stadionynda geçýär. 1979-njy ýyldaky yslam rewolýusiýasyndan soňra, aýal janköýerleriň stadiondaky erkekleriň futbol duşuşyklaryna tomaşa etmegine gadagançylyk girizilipdi. Aýallar seýrek halatlarda, ýörite çakylygyň esasynda stadiona oýna tomaşa etmäge goýberilýärdi. Kamboja bilen oýna 3 müň 500 töweregi aýal tomaşaça bilet satyldy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Germaniýada sinagoga edilen hüjümde iki adam öldi

Germaniýanyň gündogaryndaky Halle şäherinde 9-njy oktýabrda sinagoga we onuň golaýyndaky kebap dükanyna edilen ýaragly hüjümde iki adam öldi. Ýaragly özüniň hüjümlerini internetde göni efirde görkezdi. Hüjümden öň ýaragly anti-semit manifestony hem okady. Germaniýanyň polisiýasy bir şübheliniň ele salnandygyny, beýleki ikisiniň bolsa ogurlanan ulagda gaçmagy başarandygy aýtdy. Hüjüm mahaly sinagoganyň içinde 70-80 töweregi adamyň, şol sanda 10 amerikalynyň hem bolandygy aýdylýar. Agyr ýaraglar... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *