Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2019

Новости за 16.10.2019

Azathabar.com 

Aşgabatda it-pişikleri awlaýanlardan "säwlikleri düzetmek" talaby güýjeýär

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we türkmenistanly haýwanlary goraýjylar şäher häkimiýetleriniň itleri we pişikleri ýok etmek boýunça işleri has batlandyrandygyny, şol sanda haýwanlary tutmak işine çekilýän jemagat hojalygy işgärlerinden edilýän talaplary pugtalandyrandygyny habar berýärler.

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýanyň lideri ak ata atlanyp, ýurduň iň beýik dagyna çykdy

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un ata atlanyp, ýurduň iň beýik dag belentligine çykdy. Döwlet mediasy 16-njy oktýabrda onuň ak atly 2750 metr belentlikdäki Paektu dagyna çykan suratlaryny çap etdi.  Kimiň kömekçileri demirgazyk koreýa lideriniň “beýik operasiýa” planlaşdyrýandygyna ynanýarlar diýip, döwlet mediasy anyklaşdyrmazdan habar berdi.  Suratlarda gözi äýnekli, egnine goňras palto geýen Kimiň garly daglaryň üstünden at çapdyryp barşy görünýär.  "Onuň at üstünde Paektu dagyna çykmagynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Rus sudy žurnalist Abdulmumin Gajyýewiň deslapky tussaghana möhletini uzaltdy

Orsýetiň Dagystan sebitiniň sudy žurnalist Abdulmumin Gajyýewiň deslapky tussaghana möhletini uzaltdy, ol terrorçylygy maliýeleşdirmäge “gylawlandyrmakda” aýyplanýar. Mahaçgalanyň Sowet etrabynyň sudy 15-nji oktýabrda Gajyýewň 13-nji noýabra çenli tussaghanada saklanmagy barada karar çykardy. Gajyýewiň kärdeşleri iýunda, tussag edileninden gysga wagt soň, onuň galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda tussag edilendigini aýdyp, ýerli neşirleriň üçüsiniň baş sahypasynda makala çap etdiler.  Dagystandaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjigistanda 20 müň adama täsiri ýetjek amnistiýa taýýarlanýar

Täjik prezidenti Emomali Rahmon parlamente 20 müň çemesi tussaga, şol sanda daşary ýurtly bendilere täsiri ýetjek amnistiýa kanunyny kabul etmegi teklip etdi, bu amnistiýa ýurduň konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna gabatlanýar.  Prezidentiň websaýtynda 16-njy oktýabrda çap edilen teklibe laýyklykda, 3 müňden gowrak tussag türmeden boşadylar, türme möhleti berilmedik adamlaryň 5 müňden gowragynyň günäsi geçiler, 2 müňden gowrak güman edilýäniň derňewi bes ediler, 10 müň çemesi tussagyň bolsa türme möhletleri azaldylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabadyň aeroporty EASA-nyň barlagyndan geçdi; "Türkmenhowaýollarynyň” ÝB gatnawlarynyň ykbaly häzirlikçe näbelli

Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentliginiň (EASA) geçiren barlaglarynyň netijesinde “Aşgabadyň Halkara howa menzili Türkmenistanyň ulag ulgamynda ähli babatda nusgalyk toplum diýlip ykrar edildi” diýip, 14-nji oktýabrda “Türkmenhowaýollarynyň” başlygy Döwran Saburow türkmen prezidentine hasabat berdi. Şol bir wagtda, resmi habarda “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçmagyna şu ýylyň fewralynda girizilen gadagançylygyň aradan aýrylyp-aýrylmandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gündogar Owganystanda partlan bomba iki ofiseri öldürip, 20 çagany ýaralady

16-njy oktýabrda gündogar Owganystandaky polisiýa stansiýasynyň golaýynda partladylan ulag bombasy azyndan iki polisiýa ofiserini öldürdi, 26 adamy, şol sanda 20 çagany ýaralady diýip, resmiler aýtdylar.  Lagman welaýatynyň Alişang etrap polisiýa edarasynyň golaýynda bolan partlama golaýdaky medressä düýpli zyýan ýetirdi diýip, Lagman welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Asadullah Daulatzaý aýtdy. "Okuwçylar aýna gyçaklaryndan ýaralandy” diýip, Daulatzaý aýtdy we ýaraly bolanlaryň 20 çemesiniň okuwçylar bolandygyny belledi. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *