Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2019

Новости за 05.12.2019

Azathabar.com 

“Türkmengaz” $13 milliona TOPH-uň türkmen bölegi üçin tehniki konsultanty tutdy

“Türkmengaz” döwlet konserni Italiýanyň RINA S.p.A kompaniýasy bilen 13 million dollarlyk ylalaşyk baglaşdy. Kompaniýa TOPH gazgeçirijisiniň Türkmenistandan geçmeli böleginiň gözegçiligini we hemaýatyny amala aşyrmak üçin tehniki konsultant hökmünde çykyş eder. Italýan kompaniýasynyň maglumatyna görä, şertnamanyň çäklerinde kompaniýa Türkmenistanda çekilmeli 214 kilometrlik gazgeçirijiniň gurluşygy, şeýle-de iki kompressor stansiýasy bilen baglylykdaky tehniki maslahaty we hemaýat hyzmatlaryny berer. Читать дальше...

Azathabar.com 

Lukaşenko Belarusyň Orsýet bilen hiç wagt bir döwlet bolmajakdygyny aýdýar

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko öz ýurdunyň Orsýet bilen strategiki partnýorlygyny gaýtadan tassyk etdi, emma häzirlikçe bilelikdäki parlamenti döretmek gürrüňiniň ýokdugyny aýtdy. 5-nji dekabrda parlamentiň öňünde çykyş eden belarus lideri ýönekeý raýatlaryň ýurduň ozalky Sowet Soýuzynyň täzeden gurulmagyna tarap süýşýändigi baradaky gorky-howatyrlarynyýatyrmaga çalyşdy. Lukaşenko bu çykyşyny rus prezidenti Wladimir Putin bilen rus-belarus soýuz döwletiniň içindäki integrasiýany has çuňlaşdyrmak... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ermenistanyň ozalky prezidentine korrupsiýa aýyplamasy bildirildi

Ermeni häkimiýetlerikawkaz ýurdunda geçen ýyl bolan “mahmal rewolýusiýa” netijesinde wezipeden çetleşdirilen ozalky prezident Serž Sagsýana garşy korrupsiýa aýyplamalaryny bildirdiler. Ýörite derňew gullugy 4-nji dekabrda Sargsýanyň “gurnalan resmiler toparynyň”üsti bilen döwlet fondlaryndan 489 million dramy, 1 million BAŞ dollaryndan gowrak serişdäni ele geçirendigini tassyklady. Bu pullar 2013-nji ýylda daýhanlara ýeňillikli bahadan berilmeli dizel ýangyjy üçin bölünen serişdelerden alnypdyr. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ wekili Halilzad Kabula geldi 

ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad 4-nji dekabrda 18 ýyllyk owgan konfliktiniň çözgüdini tapmak ugrundaky tagallalarynyň çäginde Kabula geldi. Halilzad Doha, Katara uçmazyndan öň owgan prezidenti Aşraf Gani we beýleki uly derejeli resmiler bilen gepleşdi. ABŞ-nyň döwlet departmanetiniň maglumatyna görä, ol Dohada “Talyban” bilen gepleşikleri gaýtadan başlar.  Bu gepleşikler prezident Donald Tramp sentýabrda Kabuldaky zorluklarda 12 adam we ABŞ esgeri öldürilenden soň jeňçiler bilen... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ukraina gazak prezidentiniň Krymyň anneksiýa edilendigini inkär etmegine diplomatik jogap berýär

Ukraina gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Orsýetiň Krymy ele geçirmegini häsiýetlendirip, ol anneksiýa däl diýen sözlerine öz aladasyny bildirdi. “Ukraina Gazagystana hemişe öz hyzmatdaşy we dosty hökmünde garady” diýip, Ukrainanyň daşary işler ministrliginiň 4-nji dekabrda çap eden beýanatynda aýdylýar. “Özara ynam, garaşsyzlyga, özygtyýarlylyga, toprak bitewiligine we serhetleriň eldegrilmesizligine hormat ýörelgeleri... şeýle-de umumy kabul edilen halkara normalary Ukraina bilen Gazagystan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň golaýynda ýer yrandy

3-nji dekabrda, ýerli wagt bilen sagat 17:48-de Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesiniň golaýynda 4,6 magnitýud güýjünde ýer yrandy diýip, “Earthquake-report” saýty habar berdi. Ýer sarsgynynyň ojagynyň 10 kilometr çuňlukda bolandygy aýdylýar. Türkmen merdiasy adatça ýer yrnamasy, sil gelmegi ýa suw joşmalary, köçe-ýol hadysalary, pidalar, ýitgiler ýa başga pajygaly ýagdaýlar barada habar bermeýär.

Azathabar.com 

Fransiýalylar planlaşdyrylan pensiýa reformalaryna garşy iş taşlaýarlar

Fransiýalylar prezident Emmanuel Makronyň planlaşdyrylan pensiýa reformalaryna garşy ýurt boýunça uly iş taşlaýyş gurnaýarlar. 5-nji dekabrdaky iş taşlaýyşdan transport gatnawy uly zyýan çeker, uçarlar, otlular, awtobuslar we Pariž metro ulgamynyň köp bölegi hereketini togtadar. Makronyň planlaşdyrylan, köplenç işçilere has ýokary pensiýa bermek ýa irräk pensiýa çykmak mümkinçiliklerini berýän aýratyn şertleri ýatyrjak “ählumumy” pensiýa ulgamyna garşy guralýan aksiýalara mekdep we hassahana işgärleri hem gatnaşar. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *