Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2019

Новости за 24.12.2019

Azathabar.com 

ABŞ Pakistana harby türgenleşik programmasyna goşulmaga gaýtadan rugsat berdi

Birleşen Ştatlar iki ýyl arakesmeden soňra, Pakistana harby türgenleşik programmasyna goşulmaga gaýtadan rugsat berdi. Pakistanyň bu programma gatnaşmakdan mahrum edilmegi prezident Donald Trampyň Yslamabat terrorizmi togtatmakda ýeterlik iş edenok diýip, harby kömegi wagtlaýyn doňdurmagynyň bir elementi bolup durýardy.   23-nji dekabrda yglan edilen bu karar Imran Han günorta-gündogar Aziýanyň atom ýaragly ýurdunda premýer-ministr wezipesine gelmeginden soňra iki ýurt arasyndaky dartgynly gatnaşyklaryň barha gowşaýandygyny görkezýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenabatly pensionerlerden diriligini subut etmek talap edilýär

Türkmenabatly pensionerleri ýaşaýan ýerlerindäki pension edaralaryna ýüz tutup, özleriniň diridigini subut etmäge borçly etdiler. Bu barada habar berýän Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, indi raýatlar öz pensiýalaryny almak üçin ýaşaýan ýerinden resminama we ýerli keselhanadan hat almaly bolýarlar.  ​"Lebap welaýatynyň ähli etraplarynda pensiýa alýan raýatlardan etrap sosial üpjünçilik edaralaryň pension bölümlerine hut özleriniň ýüzlenmegini we diridigini subut etmegi talap edýärler. Olar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýanyň iň döwrebap harby uçary heläkçilige uçrady

Russiýanyň iň döwrebap harby uçary türgenleşik mahaly heläkçilige uçrady diýip, rus resmileri maglumat berýärler. Pilotyň uçaryň içinden howpsuz ýagdaýda çykmagy başarandygy hem bellenilýär. Su-57 kysymly uçar ýurduň Uzak Gündogaryndaky Komsomolsk-Amur şäheriniň golaýynda geçirilen türgenleşik missiýasynyň dowamynda ýere gaçdy diýip, Russiýanyň Birleşen Awiagurluşyk Korporasiýanyň 24-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda aýdylýar. Russiýanyň iň döwrebap Su-57 uçary ilkinji gezek heläkçilige uçraýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Jonson: “Men ýalňyşypdyryn” – Russiýa bilen gatnaşyklary täzelemek mümkin däl

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Russiýa babatynda “ýalňyşandygyny”, şeýle-de köp sanly meseleler boýunça ylalaşmazlyklaryň fonunda Moskwa bilen gatnaşyklary “täzeläp” bolmajakdygyna ynanýandygyny aýtdy. Jonson bu barada British Spectator žurnalyna beren interwýusynda belledi. Žurnalistiň “Siz öz pikiriňizi haçan üýtgetdiňiz?” diýen soragyna, Jonson: “Meniň pikirimçe köp ýurduň daşary işler sekretarlary we premýer-ministrleri Russiýa bilen gatnaşyklary ýaňadandan başladyp boljakdygyna ynandylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranyň ruhany lideri protestleri bes etmek üçin ‘zerur çäreleri görmegi tabşyrdy’

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi geçen aý ýurt resmileri bilen geçiren duşuşygynda şol wagtky hökümete garşy protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrmak barada höküm berdi diýip, Reuters gullugy öz çeşmesine salgylanyp maglumat berdi. Neşiriň ýazmagyna görä, 80 ýaşly Khameneýi eger-de köçedäki tolgunşyklar togtamasa, onda resmileriň jogapkärçilige çekiljekdigini hem duýdurypdyr. Reutersiň 23-nji dekabrdaky maglumatynda bellenilşi ýaly, Khameneýi 17-nji noýabrda geçiren duşuşygynda prezident Hassan Rohaniniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanyň sudy etniki gazagy Hytaýa deportasiýa etmezlik barada höküm çykardy

Gazagystanyň sudy ýurduň serhedini bikanun geçmekde aýyplanýan Hytaýyň Şinjiang sebitinden gelen etniki gazak aýaly yzyna – Hytaýa deportasiýa etmezlik barada höküm çykardy. Gazagystanyň günorta-gündogaryndaky Žarkent şäheriniň sudy bu baradaky hökümi 23-nji dekabrda çykardy. Sud gazak raýatyna durmuşa çykan Kaýşa Akany alty aý möhlet bilen şertli tussaglyga höküm etdi. Şeýle-de, sud onuň Gazagystanda galmagyna rugsat berdi. Akan noýabrda başlanan sud diňlenişiginde 2018-nji ýylyň maýynda Şinjiangdaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

“Talybanyň” hüjüminde ýedi owgan esgeri öldi

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda jeňçileriň harby barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etmegi netijesinde azyndan ýedi owgan esgeri öldi. Bu barada ýurduň Goranmak ministrligi maglumat berýär. 24-nji dekabrda Döwlet Abat etrabyna edilen hüjümde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan başga-da alty gullukçy ýaralandy. Ýerli wagt bilen irden 04:30 töweregi amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” topary öz üstüne aldy. Jeňçi topary sebitde işjeň hereket edýär.




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *