Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Май
2020

Новости за 21.05.2020

Azathabar.com 

Aşgabadyň mekdeplerinde okuw ýylynyň soňunda dabaralar ýatyryldy, býujet işgärleri saglyk barlagyndan geçýär

Aşgabadyň mekdeplerinde okuw ýylyň tamamlanmagy mynasybetli göz öňünde tutulan dabaralar ýatyryldy. Şol bir wagtda-da, döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri paýtagtyň saglyk edaralarynda hökmany edilen saglyk barlagyndan geçmek üçin nobata durýarlar. Türkmen häkimiýetleri global pandemiýanyň dowamynda amala aşyrýan bu çärelerine resmi düşündiriş bermeýärler. Resmileriň sözlerine görä, ýurtda COVID-19 keseli ýok.

Azathabar.com 

Näbelli zady derňemek: Antitelo testleri arkaly pandemiýa has gowy düşünmek maksat edinilýär

Näçe adam simptomlary, alamatlary bolmazdan COVID-19 bilen keselledi? Keselden açylan hassalaryň başga bir infeksiýa garşy immuniteti barmy? Eger şeýle bolsa, näçe wagtlap immuniteti bar? Bular Çehiýada, Germaniýada we başga ýerlerde barlagçylaryň ilatyň giň bölegine seretmek üçin gana esaslanýan antitelo testlerini ulanmak arkaly, jogap bermäge synanyşýan soraglarynyň diňe käbirleridir. (Margot Buff, AÝ/AR; Current Time)

Azathabar.com 

Merhumlaryň sanawy: Ýurtlar COVID-19-dan ölenleri nähili sanaýar?

Hünärmenler koronawirus ölüminiň statistikasynyň näme üçin üýtgeýändigini dürli-dürli düşündirýärler, käbirleri bu ýagdaýy uzak wagtlap dowam edip gelýän guramaçylyk tejribeleri we däp-dessurlar bilen baglanyşdyrsa, käbirleri bu ýerde syýasatyňsebäp bolýandygyny öňe sürýär.

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili ähli taraplary zorlugy azaltmaga çagyrýar

ABŞ-nyň ýörite parahatçylyk wekili Zalmaý Halilzad urşuň labryny bigünä owganlaryň çekýändigini aýdyp, Owganystanda “ähli taraplary” zorlugy azaltmaga çagyrdy. ABŞ goşunynyň ýurtdan çekilmegine ýol açýan fewral ylalaşygynyň binagäri Halilzad Kabulda owgan hökümeti bilen duşuşmagynyň yzýany, 20-nji maýda agşam Katarda "Talyban" bilen görüşdi. “Zorluk barada aýdylanda, men "Talyplara" aýtdym, ähli taraplar zorlugy azaltmaly” diýip, Halilzad Twitterde ýazdy hem-de “Talybanyň” syýasy başlygy Molla... Читать дальше...

Azathabar.com 

Moldowanyň prawoslaw kilisesi wirus waksinasy bilen bagly “Mesihe garşy dildüwşügi” berk tankytlady

Moldowanyň Moskwa bilen iltewli prawoslaw kilisesi, hamala, adamlara mikroçip dakyp, olary 5G tehnologiýasy arkaly, hamala, gözegçilik etjek bolýan “dünýäniň Mesihe garşy sistemasy” diýlen dildüwşügi (konspirasiýasyny) öňe sürüp, ýurduň ýolbaşçylaryny geljekde koronawirusa garşy sanjymyň hökmany bolmazlygyny üpjün etmäge çagyrdy. Kilise bu aýyplamalary 19-njy maýda dini beýanat bilen prezident Igor Dodonyň, parlamentiň spikeri Zinaida Greçanniniň hem-de premýer-ministr Ion Çikunyň dykgatyna ýetirdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Zelenskiý derňew žurnalistini çäkden aşmakda aýyplaýar, redaktor aýyplamalary ret edýär

Prezident Wolodymyr Zelenskiý “UA: Perşi telewideniýesi” bilen Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň bilelikdäki “Shemalar” derňew proýektiniň habarçysyny deňagramly žurnalistikanyň çäginden çykmakda we ukrain liderini yzarlamak bilen kanuny bozmakda aýyplady. Topar bu aýyplamalary ret etdi. 20-nji maýda geçiren metbugat ýygnagynda Zelenskiý “Shemalar” proýektiniň habarçysy Mikaýlo Tkaçis “hemme ýerde, ol meniň ýaşaýan ýerimde, gidýän ýerimde, işleýän ýerimde...hemişe ýa-da tas her gün edil milli sakçy ýaly iş başynda” diýdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

COVID-19 döwründe ykdysadyýet: Gazagystanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda işsizler tolkunyna nähili hötde gelýärler?

COVID-19 infeksiýasyndan ölýänleriň sanynyň artýandygy barada gürrüň gitmäýende-de, beýleki görkezijiler hem örän hopukdyryjy. Dünýäniň ähli ýurtlary gönüden-göni ykdysadyýete bagly bolan saglygy saklaýyşda hem halkyň sosial üpjünçiligi meselesinde peýdaly usullary tapmaga dyrjaşýarlar. Ýöne krizis netijesinde köpçülikleýin işsizlik emele geldi. Ýer ýüzüniň işçi güýjüniň deň ýary – 1,6 milliard adamyň 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda öz girdejisini ýitirmegi mümkin. Bütindünýä Zähmet Guramasynyň (BZG) soňky gelen çaklamasy şeýle. Читать дальше...

Azathabar.com 

Koronawirus täze sepgide ýetdi, oňa ýolugýanlaryň sany käbir sebitlerde heniz hem ýokarlanýar

Koronawirus ýokanjy tassyk bolan adamlaryň sany 21-nji maýda tutuş dünýä boýunça 5 million adamdan aşýan wagty, käbir ABŞ ştatlary çäklendirmeleriň has-da gowşadylmagyna rugsat berýär, Braziliýada bir günde 20 müň töweregi koronawirus keseli hasaba alynda, Hytaý bolsa ýylyň iň uly syýasy ýygnanyşygyna taýýarlandy. Birleşen Ştatlaryň käbir ýerlerinde restoranlar täzeden açylyp başlandy, ýöne diňe açyk meýdanda naharlanmaga rugsat berilýär we stollaryň arasynda 2 metr aralyk saklanýar. 21-nji maýdan... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *