ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň ýadro programmasy boýunça "ylalaşyk baglaşmagy" üçin çagyryşyny gaýtalady we bolmasa ýurduň geçen ýyl ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýranyň ýadro merkezlerine eden howa hüjümlerinden "has erbet hüjüm" bilen ýüzbe-ýüz boljagyny aýtdy.
Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar. Lukmanlaryň ençemesi ýiti dümew alamatlary bilen geçýän hassalyga ýolugan gartaşan adamlaryň arasynda ölüm hadysalarynyň hasaba alynýandygyny aýdýar.
Ýurtda onlarça ýyl bäri çözülmeýän çylşyrymly ykdysady meseleleriň arasynda, Türkmenistanyň demirýol ulgamy agyr synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, Azatlygyň transport ulgamyndaky çeşmeleri habar berýär. Ýakynda Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynyň çäginden geçýän ýoldan ýük alyp barýan otly ýolundan çykyp, bir gapdala agdy, nowalara ýüklenen ýükler ýere döküldi, demirýol liniýasyna zyýan ýetdi diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy. Читать дальше...
Türkmenistanyň günorta-günbatar sebitlerinde dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar. Lukmanlaryň ençemesi ýiti dümew alamatlary bilen geçýän hassalyga ýolugan gartaşan adamlaryň arasynda ölüm hadysalarynyň hasaba alynýandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 29-njy ýanwarda Ahal we Balkan welaýatlaryndan maglumat berdiler. “Balkanabat şäherinde dem alyş ýollary wirusynyň erbet görnüşleri ýaýraýar. Munuň adaty dümewden tapawudy – bu wirus bilen syrkawlan adamda içinden gan geçme alamatlary... Читать дальше...
Aşgabadyň dükanlarynda azyk önümleri gymmatlaýarka, wagtynda geçmän, möhleti gutaran önümler köpelýär. Azatlygyň çeşmeleri şeýle harytlaryň satuwdan aýrylman, möhleti täzelenip, alyjylara hödürlenýändigini habar berýärler. Bu aralykda Maryda gymmat et önümlerine ýeterlik alyjy bolman, telekeçiler zyýan çekýärler. Azyk önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň eýeleri, öz önümleriniň möhletli geçende olary ýok edip, çykdaja galmazlyk nukdaý nazardan, bu ýagdaýdan çykalga hökmünde azygyň möhletini täzeleýärler diýip... Читать дальше...
Gyrgyzystan, Nipah wirusy sebäpli, Hindistandan mal we et önümleriniň importyna wagtlaýyn çäklendirme girizdi. Bu karar Suw hojalygy, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ministrliginiň ýanyndaky Weterinariýa, maldarçylyk, öri meýdanlary we ot-iým ösdürip ýetişdirmek gullugy tarapyndan kabul edildi. Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, agentlik bu çäräniň ýurduň weterinariýa we sanitariýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Hindistanyň Günbatar Bengal ştatynda... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 28-nji ýanwarda eýran hökümetinden Eýranyň ýadro programmasyndan ýüz öwürmegi baradaky ylalaşyga getirýän gepleşiklere başlamagyny talap etdi. Tramp öz "Truth Social" sahypasynda, eger bu talap ýerine ýetirilmese, ABŞ-nyň Eýrana garşy urjak täze zarbalarynyň geçen tomusda urlan zarbalardan "has erbet" boljakdygyny duýdurdy. Bu duýduryş onlarça söweş uçaryny daşaýan gämileriň toparynyň, USS Abraham Linkoln gämisiniň ýolbaşçylygynda Ýakyn Gündogara gelmegi bilen baglanyşykly boldy. Читать дальше...
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hukuk goraýjy edaralar babatyndaky n berk tankydyna gönüden-göni jogap hökmünde, Özbegistanyň hukuk goraýjy ulgamynda birnäçe wezipä belleme we işden boşatma boldy. Kadr üýtgeşmeleri Içeri işler ministrligine, Milli gwardiýa we Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligine degişli boldy. 27-nji ýanwarda geçirilen ýygnakda döwlet baştutany howpsuzlyk edaralarynyň işini tankytlady we olaryň kiberjenaýatçylyk, guramaçylykly jenaýatçylyk we kezzaplyk ýaly kynçylyklaryň hötdesinden gelmeýändigini aýtdy. Читать дальше...