2025-nji ýylyň ýanwar–noýabr aýlarynyň jemleri boýunça, Türkmenistan Özbegistanyň haryt import edýän ýurtlarynyň arasynda ilkinji onluga girdi diýip, “Biznes Türkmenistan” Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär. Bu döwürde Türkmenistanyň Özbegistana eksport eden harytlarynyň möçberi 926,2 million ABŞ dollaryna barabar bolup, Aşgabat Daşkendiň iň iri söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda sekizinji orny eýeledi. Ilkinji onluga Hytaý (12,8 mlrd dollar), Russiýa (7,8 mlrd)... Читать дальше...
Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň onlarçasy häkimiýetler tarapyndan “ilaty bökdençsiz we ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek çäreleri” diýlip, ýakynda täzelenen routerlerden eden tamalarynyň çykmandygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji ýanwarda Aşgabatdan maglumat berdi.
Azatlygyň çeşmesi we habarçysy Türkmenistanyň ýollarynda bolýan, ýöne döwlet eýeçiligindäki metbugatda habar berilmeýän köçe-ýol hadysalarynyň ýene bir maşgalanyň gapysyny ýapandygyny habar berýär. Bu hadysa Türkmenistanda düzgün bozan sürüjilere salynýan jerimeleriň 300%-e çenli ýokarlandyrylan wagtynyň yz ýanynda boldy. Ahaldaky habarçymyzyň anyklamagyna görä, 2026-njy ýyla geçip, maşgala bolup dynç almak üçin, bir çagaly är-aýal 2-nji ýanwar güni irden, şahsy ulag bilen, Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine tarap ýola çykýar. Читать дальше...
Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň onlarçasy häkimiýetler tarapyndan “ilaty bökdençsiz we ýokary tizlikli Internet bilen üpjün etmek çäreleri” diýlip, ýakynda täzelenen routerlerden eden tamalarynyň çykmandygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji ýanwarda Aşgabatdan maglumat berdi. “Soňky birnäçe aýyň dowamynda paýtagtyň etraplaryndaky köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň öýlerine çekilen WiFi Internet hyzmatlary tapgyrlaýyn esasda wagtlaýyn kesilip, öňki Internet geçiriji simler we routerler aýryldy. Читать дальше...
Eýran protestçileri jezalandyrmagyny togtatdy diýip, prezident Donald Tramp "beýleki tarapdaky örän möhüm çeşmelere" salgylanyp, aýtdy, ýöne ABŞ-nyň Tährana garşy harby hereketleriniň mümkinçiligi saklanýarka, Ýakyn Gündogarda dartgynlyk dowam edýär.
Orsýetdäki "Sewerstal" kompaniýasyna degişli “Çerepowes” demir we polat zawodynda Gazagystanyň iki raýatynyň jesetleri tapyldy. Kompaniýa bu habary 14-nji ýanwarda yglan etdi. Beýanatda ölenleriň potratçy guramalaryň işgärleri bolandygy we senagat meýdançasynda huşsuz ýagdaýda tapylandygy aýdylýar. Häzir olaryň ölüminiň mümkin bolan sebäbi derňelýär, adatdan daşary ýagdaýlar we ýörite gulluklar wakanyň bolan ýerinde işleýär diýip, habarda bellenýär. Orsýetiň Derňew komiteti işçileriň ölümi bilen... Читать дальше...
ABŞ 75 ýurduň raýatlary üçin immigrant wizasyny işläp düzmegi we bermegi togtadýandygyny yglan etdi. Bu karar 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda güýje girýär we hemişelik ýaşamak üçin berilýän wizalara (grin kartlara) degişli. “Roýters” agentliginiň habaryna görä, bu çäre immigrasiýa syýasatynyň gözden geçirilmeginiň bir bölegi bolup, dalaşgärleriň goşmaça barlaglary, şeýle-de ABŞ häkimiýetleriniň sosial kömek ulgamyna düşüp biljek agram baradaky aladalary bilen baglanyşykly. Raýatlary üçin immigrant... Читать дальше...