Eýran ölüm hökümlerini protestleri basyp ýatyrmak üçin ulanýar
Bu ýagdaý golaýda tutuş ýurda tutaşan protestlere gatnaşyjylaryň ikisiniň jezalandyrylyp öldürilmegi bilen, ölüm hökümleriniň artmagynyň mümkindigi baradaky howatyrlanmalary artdyrdy.
“Özüni sud atlandyrýan eden-etdilikli komitetler protestçileriň arasynda dowul döretmek, şeýle-de ýurtdaky azatlyk ugrundaky hereketi basyp ýatyrmak maksady bilen adamlary ölüm jezasy bilen gorkuzýarlar” diýip, Eýrandaky Adam Hukuklary merkeziniň dolandyryjy direktory Hadi Ghaemi aýtdy.
Eýranly kanunçykaryjylar sentýabrda polisiýanyň tussaglygyndaky 22 ýaşly Mahsa Amininiň ölüminden soň tutuş ýurda tutaşan protestleriň öňüni almak üçin has berk çäreleriň gerekdigini aýtdylar.
Bu aralykda, 200-den hem aşa eýranly aktiwist, ýazyjy we yslam respublikasynyň pidalarynyň ýakynlary adamlaryň jezalandyrylyp öldürilmeginiň öňüni almak ugrunda ýörite kampaniýa başlatdylar.
Hata gol goýan 235 şahs aktiwistleri we kärdeşler arkalaşyklaryny hem bu çäre gatnaşmaga çagyrdylar.