Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2018

Новости за 29.08.2018

Azathabar.com 

Germaniýanyň häkimiýetleri protestlerden soň, Erdoganyň heýkelini aýyrdy

Germaniýanyň häkimiýetleri howpsuzlyk töwekgelçiligini döredýär diýip, ýurduň Wisbaden şäherindäki sungat festiwalynda oturdylan türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň gyzyl heýkelini aýyrdylar. Temasy “Erbet habar” bolan festiwalyň guramaçylary Erdoganyň 4 metr uzynlygyndaky heýkelini 27-nji awgustda Wisbadeniň merkezi meýdançasynda ýerleşdiripdiler. Häkimiýetler şondan bäri bu heýkeliň Erdogana tarapdar we oňa garşy adamlaryň çykyş etmegine esas döredýän magnita öwrülendigini aýdyp, munuň  konflikti öjükdirýändigini bellediler. Читать дальше...

Azathabar.com 

GSDP gyrgyz hökümetini “gysga garaýyşly” bolmakda tankyt etdi

Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasy (GSDP) ýurduň öňki prezidenti Almazbek Atambaýew bilen häzirki lideri Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda artýan dartgynlylyga ünsi çekip, hökümetiň syýasatyny geljegi görmeýän, “gysga garaýyşly” diýip tankyt etdi. 28-nji awgustda ýaýradylan beýanatda Gyrgyzystanyň Sosial demokratik partiýasy häkimiýetleri “geljegi görmeýän syýasaty amala aşyrmakda, syýasy garşydaşlary yzarlamakda, gowşak ykdysady syýasatda” tankytlap, munuň “ýurtda barha protest keýpini” döredýändigini öňe sürdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Yrakda janyndan geçeniň bombaly hüjüminde azyndan 11 adam öldi

Yragyň günbataryndaky howpsuzlyk barlag nokadyna edilen janyndan geçeniň ulagly bomba hüjüminde azyndan 11 adam öldi we başga-da 16 sanysy ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar. Hüjümçi partladyjy serişdeler ýerleşdirilen ulagy Yragyň Anbar welaýatyndaky Kaim şäherçesindäki barlag gözegçilik nokadyna sürdi diýip, 29-njy awgustda bu welaýatyň häkimi Ahmed al-Mehlawy aýtdy. Ol barlag nokadynyň ýurduň armiýasy we hökümetiň goldamagyndaky şaýy söweşijileri tarapyndan dolandyrylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran ABŞ-nyň we Ysraýylyň talaplaryna garamazdan, Siriýadaky harbylaryny saklap galar

Tähran Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň talaplaryna garamazdan, özüniň Siriýadaky harbylaryny saklap galar diýip, Eýranyň Damaskdaky harby attaşesi aýtdy. “Siriýada eýranly maslahatçylaryň bolmagy Tähran bilen Damaskyň arasynda baglanyşylan harby hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň bir bölegi bolup durýar” diýip, 28-nji awgustda Eýranyň habar agentlikleri brigada generaly Abolkasem Alinejadyň sözlerini sitirlediler. Habarda bu ylalaşyga iki ýurduň goranmak ministrleriniň hepdäniň ahyrynda gol goýandygy hem bellenilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Siriýa babatda dartgynlylyk artýan mahaly, Russiýa Ortaýer deňzinde harby floty güýçlendirýär

Russiýa Ortaýer deňzinde ýene-de birnäçe söweş gämisini ýerleşdirdi. Rus media serişdeleri muny Orsýet 2015-nji ýylda Siriýanyň raýat urşuna goşulyşany bäri deňizde söweş gämileriniň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly iň uly çäre diýip häsiýetlendirýärler. Bu harby güýçlendirme, Orsýetiň ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň pitneçileriň kontrollugyndaky soňky iň uly enklawa, ýagny demirgazyk Idlib welaýatyna hüjümleri amala aşyrmaga taýýarlanýandygyna ynanylýan mahalyna gabat geldi. 28-nji... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda Täjigistanyň ilçihanasynyň öňünde nobata çydamadyk zenan huşuny ýitirdi

21-nji awgustda Täjigistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki uly nobatda duranlaryň biri orta ýaşlaryndaky zenan huşuny ýitirdi. Bu barada Azatlyk Radiosyna şaýatlaryň birnäçesi habar berdi, şeýle-de bu ýagdaýy görkezýän wideo ýazgy gowuşdy.    “Ol ogluny okuwa ibermek üçin wiza aljak diýip, iki hepdeläp nobata durdy. Onuň nobaty ýetmän nerwiden agzyndan, burnundan gan geldi” diýip, şol gün ilçihananyň öňünde ýüze çykan ýagdaýa şaýat bolan adamlaryň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.  Şaýatlar... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *