Aşgabadyň aeroportynda täze düzgün: Migrasiýadan soň howpsuzlyk gullugynyň barlagyndan geçmeli
Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylaryň daşary ýurda goýberilmek meselesini indi migrasiýa işgärleriniň däl-de, howpsuzlyk gullugynyň çözýändigi öňe sürülýär.
Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylaryň daşary ýurda goýberilmek meselesini indi migrasiýa işgärleriniň däl-de, howpsuzlyk gullugynyň çözýändigi öňe sürülýär.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary, bu ýyl 10-njy sentýabrda ýygyma girişýärler diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy 31-nji awgustda maglumat berdi.
Şu günler Türkmenistanda balyk gymmatlady. Geçen ýyl 1 kilogramy 15 manatdan satylan ýönekeý ortaça balyk häzirki wagtda 26-35 manat aralygynda bahalanýar, diýip Azatlygyň daşoguzly çeşmesi maglumat berdi. Paýtagtda bu bahanyň 40 manada çenli baryp ýetýändigini, Azatlygyň aşgabatly habarçysy aýtdy.
Kreml Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp bilen şu ýylyň ahyryna çenli üç sammitde gepleşikleri geçirip biljekdigini aýdýar.
Ukrainanyň okkupirlenen Krym regionynyň Orsýet tarapyndan bellenen häkimiýetleri golaýdaky obalary we ekin meýdanlaryny örten ýagly maddanyň ýarymadanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän senagat kärhanasyndan syzyp çykan turşulygyň sebäp bolandygyny aýdýarlar. Krymyň Orsýet tarapyndan bellenen wise-premýeri Igor Mihailiçenkonyň 30-njy awgustda aýtmagyna görä, uzaga çeken yssy howa we guraklyk turşulyk serişdeleriniň saklanýan ýerlerinden syzyp çykmagyna sebäp bolandygyny. Krymyň Titan zawody reňkleýän... Читать дальше...
Hytaý Owganystanda öz goşunlaryny ýerleşdirmek ýa-da harby bazasyny döretmek baradaky habarlary ret edýär we öz goňşulary bilen "kadaly harby we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy" alyp barýandygyny aýdýar. Hytaýyň Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili polkownik Wu Kian 30-njy awgustda eden çykyşynda, Hong Kongyň Morning Post gazetiniň we beýleki neşirleriň Hytaýyň Owganystanyň günortasynda öz esgerlerini ornaşdyrmak boýunça planlary barada ýaýradan habarynyň "asla dogry däldigini" aýtdy. Hytaýyň... Читать дальше...
Orsýetiň Nižniý Nowgorod regionynda partlaýjy serişdeleri öndürýän zawodunda 31-nji awgustda bolan partlamada azyndan üç adam wepat boldy. Orsýetiň media maglumatlary Swerdlow zawodundaky partlamada azyndan üç adamyň ýitirim bolandygyny habar berdiler. Bu senagat kärhanasy Orsýetiň Goranmak ministrligi, magdançylyk pudagy we nebit-gaz pudagynyň işleri üçin partlaýjy serişdeleri öndürýär. Azyndan iki adam partlama zerarly ýaralanypdyr. Orsýetiň Adatdan daşary ministrligi partlamadan dörän... Читать дальше...
Boston marafonunyň bombaçysy Džohar Tsarnaýewiň gazagystanly dosty ABŞ-nyň federal türmesinde bäş ýyllap saklanansoň boşadyldy. ABŞ-nyň Immigrasiýa we gümrük gullygynyň resmisiniň 30-njy awgustda aýtmagyna görä, 24 ýaşly Dias Kadyrbaýew federal immigrasiýa resmileriniň tussaghanasyna geçirildi we Gazagystana deportasiýa ediler. Kadyrbaýew, şeýle-de Tsarnaýewiň beýleki iki dosty Azamat Tažaýakow we Robert Kidane Fillipos 2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde Tsarnaýewiň Massaçusets uniwersitetindäki... Читать дальше...
Daniýaly kanun çykaryjy Geert Wilders Pakistanda dörän köpçülikleýin protestler sebäpli Muhammet pygamberiň karikaturasy boýunça öň yglan eden konkursyny ýatyrdy. Wilders özüne ölüm haýbatynyň edilmeginden soň 30-njy awgustda eden çykyşynda, "adamlaryň yslamçylaryň pidasy bolmagynyň öňüni almak üçin" öz planlaryny ýatyrmak kararyna gelendigini aýtdy. "Adamlaryň howpsuzlygy has möhümdir" diýip, 54 ýaşly Wilders Facebookda ýazdy. Hudaýyň ýa-da pygamberiň gowy manyda hem şekillendirilmegi yslam... Читать дальше...