Berdimuhamedow şor suwlardan döredilen kölüň boýunda şäherçe gurmaly diýýär
Türkmenistanyň prezidenti Garagumyň merkezinde ýerleşýän “Altyn asyr” türkmen kölüni, hökümet tarapyndan gurulýan emeli suw howdanyny abadanlaşyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyna çagyrýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň 31-nji awgustdaky hökümet mejlisinde aýdan sözlerine görä, häzirki döwürde bu künjek “ekologiýa taýdan arassa zolak” bolup durýar. “Şu sebäpden bu ýerde şäherçeleri gurmaly, toplanan suwy gaýtadan işläp, netijeli ulanmak boýunça kärhanalary döretmeli, balykçylygy ösdürmeli” diýip... Читать дальше...