Soňky bir aý bäri Türkmenistanda Internetiň tizligi juda pes
Türkmenistanda soňky bir aý bäri Internetiň tizligi peselýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu barada 4-nji ýanwarda habar berdi.
Türkmenistanda soňky bir aý bäri Internetiň tizligi peselýär. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu barada 4-nji ýanwarda habar berdi.
Türkmenistan 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasyna başlyklyk edýär.
Gazagystanyň regional sudy ýurduň uran läheňi “Kazatompromyň” ozalky başlygy Mukhtar Džakişewiň girew esasynda tussaglykdan boşadylmagyny ret etmek barada aşaky suduň çykaran kararyny öz güýjünde saklady.
Moskwa amerikan hem britan raýaty Pol Wilany (Paul Whelan) içalyçylyk aýyplamalarynda aýyplap tussag edeninden soň, britan häkimiýetleri Orsýeti “diplomatiki küşt oýnuny “oýnamak meselesinde seresaplylyga çagyrdy.
Türkmenistanda ýaşaýyş jaý tölegi geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden hem köp gymmatlady. Geçen ýyl ýaşaýyş jaýyň 1 m2-i üçin 7 manat 40 teňňe töleg alnan bolsa, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan bu töleg 16 manat 90 teňňä ýokarlandyryldy.
5-nji ýanwarda Birleşen Arap Emirliklerinde 2019-njy ýylyň Aziýa kubogynyň futbol ýaryşy başlandy. Bu gezek ýaryş iň uly düzümde geçirilýär, onuň gatnaşyjylarynyň sany 16-dan 24 ýurda çenli artdyrylyp, olaryň arasyna Eýran, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan goşuldy. 2015-nji ýylyň ýaryşyny geçirip, ýeňiji bolan Awstralia bu gezek hem ýeňişe dalaş edýär. 2018-nji ýylda iň üstünlikli çykyş eden Aziýa ýurdy Ýaponiýa hem ýeňişe dalaş edýänleriň öň hatarynda durýar. FIFA Aziýanyň iň güýçli... Читать дальше...
Onlarça ýyllap dissidentleri, adam hukuklaryny goraýjylary we oppozision syýasatçylary goran täjigistanly aklawçy Faiziniso Wohidowa 55 ýaşynda aradan çykdy. Wohidowanyň gelni Tahmina Rahimowanyň 4-nji ýanwarda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, onuň gaýyn enesi gije Bobojon Gafurow etrabynyň keselhanasynda ýogalypdyr. Faiziniso Wohidowanyň ýogalmagyna öýken çişmesiniň sebäp bolandygyny Rahimowa aýtdy. Moskwanyň döwlet uniwersitetini tamamlan Wohidowa aklawçy karýerasyna 1995-nji ýylda başlapdy. Ol Täjigistanda oppozision şahsyýetleri... Читать дальше...
ABŞ-nyň goşun generaly Mark Milleý owgan liderleri gepleşmek üçin Kabula sapar edýär, diýip Owganystanyň prezidentiniň edarasy habar berdi. Prezident Aşraf Ghaniniň edarasynyň ýaýradan beýanatyna görä, 3-nji ýanwarda geçirilen iktaraplaýyn gepleşiklerde ABŞ-nyň Owganystandaky strategiýasy we söweşijiler bilen alnyp barylýan Owganystanyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk prosesine ABŞ-nyň berýän goldawy ara alnyp maslahat edilipdir. Owganystanyň içeri işler ministri Amrullah Saleh we Goranmak ministri Asadullah Haled... Читать дальше...
Orsýetiň Magnitogorsk şäherinde Täze ýylyň öňýanynda ýaşaýyş jaýyň bir böleginiň ýumrulmagy zerarly wepat bolan 6 adam 4-nji ýanwarda jaýlanýar. Döwletiň gözegçiligindäki TASS täzelikler agentligi bäş adamyň Magnitogorsk şäherinde, ýene biriniň Agapowka obasynda jaýlanjagyny habar berdi. AÝ/AR-nyň Täjik gullugy jaýyň ýumrulmagynyň netijesinde wepat bolan dört adamdan ybarat täjik maşgalasynyň Täjigistana ugradyljakdygyny habar berdi. 31-nji dekabrda günorta Ural şäherinde 10 gatly ýaşaýyş... Читать дальше...
ABŞ Eýrana üç sany kosmiki apparatyny uçurmak boýunça "prowokatiw" planyny dowam etdirmezlik hakynda duýduryş berdi we olaryň ýadro ýaragyny götermäge ukyply ballistik raketalara "umuman barabardygyny" aýtdy. "ABŞ Eýranyň režiminiň halkara durnuklylygyny we howpsuzlygyny hatar astynda goýýan ýumuryjy syýasatyna gyrada durup syn etmekçi däl" diýip 3-nji ýanwarda döwlet sekretary Mike Pompeo aýtdy. Pompeo Kosmiki raketa göterjileri (SLV) diýlip atlandyrylan üç raketanyň uçurylmagynyň BMG-niň Howpsuzlyk... Читать дальше...
1968-nji ýylyň 31-nji dekabrynda “Tupolew Tu-144” uçary özüniň Günbatar bäsdeşini iki aý ozup geçip, howa giňişligine üstünlikli ýokarlananda, bu waka Sowet Soýuzynyň sesiň çaltlygyndan hem güýçli tizlikdäki uçary ilkinji bolup uçurmakda öwünmek hukugyny berdi.