Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2019

Новости за 14.01.2019

Azathabar.com 

Türkmen häkimiýetleri atiýaçdaky harbylary hasaba alýar. Owganystan tarapyndan söweşijileriň serhede gözegçiligi artýar

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, häzirki wagtda häkimiýetler ilatyň arasynda harby gulluga ýaraýan adamlary hasaba almak boýunça çärelerini amala aşyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlygyň Owganystandaky habarçysy Türkmenistanyň we Owganystanyň özara serhediniň owgan tarapyndan tas ählisiniň söweşijileriň gözegçiligine geçendigini aýdýar. “Zapasdakylar hasaba alynýar. Ähli harby wekilýetlere 50 ýaşa ýetmedik erkekleriň harby gulluga ukybyny barlamak tabşyrygy berildi” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Türkiýä Siriýadaky kürtlere hüjüm etmezligi duýdurdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eger-de Ankara Birleşen Ştatlary tarapyndan goldanylýan kürt söweşijilerine hüjüm etse, onda Türkiýä garşy ykdysady çäreleri görjekdigini duýdurdy. Türkiýe “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň söweşijileri bilen birlikde, ABŞ-nyň ýarany kürtlere hem hüjüm etjekdigini aýdyp, haýbat atypdy. Türkiýe olary terrorist hökmünde häsiýetlendirýär. Tramp özüniň Twitter hasabynda kürtleri hem “Türkiýäni öjükdirmekden saklanmaga” çagyrdy. Şeýle-de, Tramp ABŞ harbylarynyň Siriýadan çykarylyp başlandygyny mälim etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tähranyň eteginde uçar heläkçilige uçrady, ýedi adam öldi

Gyrgyzystandan uçuşy amala aşyran ýük uçary Eýranyň paýtagty Tähranyň golaýynda heläkçilige uçrady. Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar departamenti ýedi adamyň jesediniň tapylandygyny we gözleg işleriniň dowam edýändigini habar berýär. Fars habar agentligi uçaryň bortunda 16 adamyň bolandygyny, şeýle-de heläkçilikde diňe uçar inženeriniň aman galandygyny aýdýar. Eýran harbylary Boeing 707 uçarynyň Gyrgyzystandan eti daşandygyny we Fath aeroportynda adatdan daşary gonuşy amala aşyrmakçy bolandygyny mälim etdi.

Azathabar.com 

Gresiýanyň goranmak ministri Makedoniýa bilen gelnen ylalaşyk sebäpli wezipesinden çekildi

Gresiýanyň goranmak ministri Panos Kammenos ýurduň parlamentinde Makedoniýanyň ady üstünde onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän konflikti togtatmak ugrunda gelnen ylalaşyk boýunça geçirilmeli ses berilişigiň öňüsyrasy wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. “Makedoniýa meselesi maňa wezipämi gurban getirmekden başga alaç galdyrmady” diýip, Kammenos grek premýer-ministri Aleksis Tsipras bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi. Mundanam başga, ol Garaşsyz Grekler atly sagçy populist partiýasynyň hökümetiň düzüminden çykýandygyny aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

HRW Owganystanyň täze goranmak ministrine garşy sanksiýalary girizmäge çagyrdy

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy Owganystanyň täze bellenen goranmak ministrine, adam hukuklaryny depeländigi aýdylýan aýyplamalar esasynda, sanksiýalary girizmäge çagyryş etdi. “[Asadullah Khalediň] hökümetdäki işi döwri adam hukuklaryny depeländigi we uruş jenaýatlaryny amala aşyrandygy barada ynamly deliller bar” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama belledi. Prezident Aşraf Ghani Khaledi dekabrda goranmak ministri wezipesine belläpdi. Bu karara adam hukuklaryna... Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýada ýaşaýyş jaýynda gazyň partlamagy netijesinde azyndan bir adam öldi

Russiýanyň Rostow regionyndaky dokuz gatly bir jaýda dörän partlamada azyndan bir adam  öldi. Bu barada Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi habar berdi. Şahty şäherinde ýüze çykan hadysada binanyň ýokarky iki gatynda ýerleşen dört kwartira weýran boldy. Ministrlik dört adamyň entek hem tapylmandygyny aýdýar. TASS habar agentligi wakanyň ýüze çykan sebitinde gözleg, halas ediş işleriniň geçirilýändigini habar berýär. Derňewçiler hadysanyň gazyň partlamagy netijesinde ýüze çykandygyny... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *