Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Atambaýew tussag edildi
Tas 24 sagada çeken gan döküşmeden we döwlet howpsuzlyk güýçleri bilen gapma-garşylykdan soň, ozalky prezident Almazbek Atambaýew göni öz öýünden çykyp, zorlukly gapma-garşylygy soňlamak üçin, polisiýanyň awtoulagyna gelip mündi. 62 ýaşyndaky Atambaýew 8-nji awgustda, polisiýa bir gije ozal ýaşaýan ýerine reýd geçirip, Bişkegiň etegindäki howlusynda tussag etmegi başarmandan soň tussag edildi. Soňky 24 sagatda bolan zorlukly wakalar Atambaýewe ýüklenilýän günäleriň has köpeljekdigini aňladýar. Читать дальше...