Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýar
26-27 – nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Republikasyna döwlet saparyny amala aşyrýar.
26-27 – nji awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Republikasyna döwlet saparyny amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden ýene-de pul toplanýar. Bu gezek talap edilýän puluň möçberi 200 manada barabar.
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda maýyplara berilýän döwlet kömek puluny almak üçin oňa ýüz tutýan adamlar dürli kynçylyklara duçar bolýar.
Waşington Tährana garşy girizen ähli sanksiýalaryny ýatyrmasa, Eýran ABŞ bilen gepleşikleri geçirmez diýip, prezident Hassan Rohani aýtdy. Mundan öň, prezident Donald Tramp “dogry” diýip atlandyran pursatynda gepleşikleri geçirmäge açykdygyny nygtapdy. 27-nji awgustda telewideniýede eden çykyşynda Rohani Eýranyň gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny, emma ilki bilen “bikanun, adalatsyz” diýip atlandyran ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ortadan aýrylmalydygyny belledi. Rohani 2015-nji ýylda baglaşylan... Читать дальше...
Kanun goraýjy guramalar Şohruh Salimowy gözleýärler, ol internetde wideoýüzlenme ýerleşdirip, prezident Şawkat Mirziýaýeweden, Özbegistandaky jynsy taýdan başga meýillileri goramaga çagyryş etdi. Häzirki wagtda Türkiýede ýaşaýan Salimowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Özbegistanda öýlerine baryp, «tussag etmek üçin onuň gözlenýändigi» aýdypdyrlar. Mundan öňinçä Şohruh Salimow Azatlyk Radiosynyň üsti bilen prezident Şawkat Mirziýaýewe ýüzlenip, Özbegistanyň Jenaýat kodeksinden «beçebazlyk»,... Читать дальше...
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň etegindäki Žukowskiý şäherinde özüniň türkiýeli kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşyp, Siriýadaky graždançylyk urşuny we “rus-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmegiň ugurlaryny” maslahat eder diýip, Kremliň websaýtynda ýerleşdirilen maglumatda aýdylýar. Erdoganyň sapary Siriýanyň jeňçileriň gözegçiligindäki Idlib welaýatyna howa zarbalaryny urmagynyň fonunda bolup geçýär. Bu ýerde Moskwa we Ankara demilitarizirlenen zonany esaslandyrypdylar. Читать дальше...
Kataryň paýtagty Dohada Owganystandaky 18 ýyl bäri dowam edýän urşy togtatmak ugrundaky gepleşikler tertip bäşinji gün dowam edýär. AFP agentliginiň maglumatyna görä, ABŞ-nyň we “Talyban” toparynyň wekilleriniň arasyndaky maslahat gije ýaryna çenli dowam edipdir. Mundan öň, jeňçi topary ylalaşygyň tehniki ýagdaýlarynyň ylalaşylandygyny mälim edipdi. ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad parahatçylyk ylalaşygynyň “Talybanyň” Günbatar tarapyndan goldanylýan Kabulyň hökümetine... Читать дальше...
Özbegistanda resmileriň Daşkendiň bazarlarynyň birinde sakgally onlarça erkek kişini tussag edip, olaryň sakgallaryny zor bilen syrdyrmagy tankyda uçrady. Daşkendiň Malika bazarynyň söwdegärleriniň biri Azatlyk Radiosyna atlandyrylmasyzlyk şerti bilen başyndan geçenleri gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, 23-nji awgustda polisiýa sakgally onlarça erkek kişini tussag edip, polisiýa edarasynda zor bilen sakgallaryny syrmaga mejbur edipdirler. Facebook sosial ulgamynda Jamoliddin Muhammdajon atly şahsyýet hem bazarda tussag edilip... Читать дальше...