Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2019

Новости за 10.08.2019

Azathabar.com 

Moskwadaky oppozisiýa protestinden soň onlarça adam tussag edildi

Pitnä garşy polisiýa 10-njy awgustda Moskwanyň merkezinde onlarça adamy tussag etdi. Ofiserler resmilerden garaşsyz kandidatlaryň öňdäki saýlawlara goýberilmegini talap etmek üçin ygtyýar berlen protestden soň Orsýetiň prezident adminstrasiýasynyň töwereklerini arassalamaga başlady.

Azathabar.com 

Moskwada müňlerçe adam ygtyýar berlen demonstrasiýa toplandy

Müňlerçe orsýetli 10-njy awgustda, ýagyşly Moskwada soňky hepdelerdäki dördünji uly proteste toplandy. Howpsuzlyk ýagdaýy ýokarlandyryldy we polisiýa güýçleri ygtyýar berlen demonstrasiýanyň bolýan ýeriniň daşyny gurşap, adamlary olar ýere topar-topar edip goýberdiler.

Azathabar.com 

Türkmenistanlylar Gurbanlygy bu ýyl “dört günläp baýram eder”

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy awgustda türkmenistanlylaryň bu ýyldaky Gurbanlygy dört günläp baýram etjekdigini aýtdy.  Döwlet baştutany Gurban baýramyny 2019-njy 11-12-13-nji awgustynda bellemek baradaky karara gol çekdi we şol günleri iş güni däl diýip yglan etdi. Şeýle-de prezident 2019-njy ýylyň 11-nji awgustyndaky dynç gününiň 14-nji awgusta — çarşenbe gününe geçirilýändigini belledi. Bu kararyň ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan ýerine ýetirilmelidigi aýdylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Nigeriýa kenarlarynda alnyp gaçylan türk deňizçileri azat edildi

Nigeriýa kenarlarynda iýulyň ortasynda deňiz garakçylary tarapyndan alnyp gaçylan on türk deňizçisi azat edildi diýip, türk mediasy habar berdi. “Anadolu” habar agentliginiň 9-njy awgustdaky habarynda aýdylmagyna görä, azat edilen erkekleriň saglyk ýagdaýlary gowy, emma olaryň nirede we haçan azat edilendigi anyklaşdyrylmaýar. Garakçylar adatça deňizçileri tussag edýärler we pul alyp, azatlyga goýberýärler, emma olaryň boşadylyşynyň detallary bada-bat mälim bolmaýar. Türk deňizçileri türk baýdakly Paksoy-1 ýük gämisinde... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hindi kontrollygyndaky Kaşmirde juma namazy üçin komendant sagady gowşadyldy

Hindi kontrollygyndaky Kaşmirde bäşinji gün dowam edýän berk komendant sagady 9-njy awgustda, anna namazy üçin gowşadyldy. Regionyň polisiýa başlygy Dilbagh Singh AP habar agentligine “adamlaryň Srinagar şäheriniň çägindäki köp ýerde öz namaz okaýan metjitlerine barmagyna rugsat berler” diýdi. Ol bu rugsadyň anyk wagt çägini aýtmady. Juma namazlary Srinagarda öýlän sagat 12:37-de başlanýar we 20 minut çemesi dowam edýär. Hindi dolandyryşyndaky Kaşmir 4-nji awgustdan bäri howpsuzlyk çäreleri astynda saklanylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Arhangelskdäki harby poligonda bolan partlamada ölenleriň sany bäş adam ýetdi

Resmiler Orsýetiň demirgazyk-günbataryndaky Arhangelsk sebitinde, harby birikmede 8-nji awgustda bolan syrly partlama we ýangyn sebäpli ölenleriň sanynyň bäşe ýetendigini aýtdylar. "Arhangelsk sebitinde harby synaglaryň geçirilýän künjeginde, uçar motorlarynyň ýag-ýangyç suwuklyklary bilen baglanyşykly hadysa netijesinde “Rosatomyň” işgärleriniň bäşisi öldi” diýip, döwlet eýeçiligindäki ýadro kompaniýasy 10-njy awgustda aýtdy. Bir gün öň bu ýerde iki adamyň ölendigi habar berlipdi. Şeýle-de beýanatda... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *