Tramp “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň başlygy Abu Bakr Bagdadynyň reýd mahalynda ölendigini tassyk etdi
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň başlygy Abu Bakr al-Bagdadynyň demirgazyk-gündogar Siriýada, ABŞ reýdi netijesinde öldürilendigini aýtdy. Tramp 27-nji oktýabrda halka eden ýüzlenmesinde ABŞ-nyň ýörite güýçleri öten agşam bir operasiýa geçirendigini, onuň dowamynda hiç bir ABŞ işgäriniň öldürilmändigini aýtdy. Tramp Bagdadyny “gorkak”, “dereksiz” diýip atlandyrdy we dünýäniň iň gözlenýän adamy öz biline guşan partlaýjyly guşagyny ýaryp, özüni öldürdi diýdi. Читать дальше...