Aşgabadyň ÝOJ-larynyň talyplary ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşmaly edildi
Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) tas ählisiniň talyplary şenbe güni, ýagny 6-njy noýabrda geçiriljek ählihalk bag ekmek çäresine gatnaşmaly edildi. Bu barada paýtagtyň ÝOJ-da okaýan talyplaryň ençemesi anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu habar türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň güýzki bag ekmek dabarasyny geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belländen sanlyja gün soňa gabat geldi. "Talyplar agaç ekmäge gitmek üçin irden institutyň daşynda ýygnanmaly. Читать дальше...