Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2021

Новости за 28.12.2021

Azathabar.com 

Ýerasty suwlar tapylan “Aşgabat-sitiniň” gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işleri geçiriler

“Aşgabat-sitiniň” gurluşyk müdirligi taslamanyň gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işlerini amala aşyrmagy meýilleşdirýär. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri gözleg işlerini geçirmek boýunça “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde tender yglan edilendigini habar berdi. Azatlyk mundan ozal iri desganyň gurluşyk meýdanynda taslamaçylaryň ýerasty suw meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny habar berdi. Bu ýagdaý gurluşyk işleriniň agramly böleginiň togtadylmagyna alyp geldi, taslamanyň ýolbaşçylary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda subsidirlenen azyk önümleriniň bahasy ýokarlanýar

Türkmenistanda subsidirlenen azyk önümleriniň düzümi we bahalary ýene üýtgedi. Ilata çäkli mukdarda we kesgitlenen bahadan satylýan azyk paýlaryndan käbir ýerlerde ösümlik ýagy we şeker aýryldy, beýleki ýerlerde bu önümleriň bahasy ýokarlandy.

Azathabar.com 

Çäginde ýerasty suwlar tapylan “Aşgabat-sitiniň” gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işleri geçiriler

“Aşgabat-sitiniň” gurluşyk müdirligi taslamanyň gurluşyk meýdançasynda inženerçilik-geologiýa işlerini amala aşyrmagy meýilleşdirýär. “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri gözleg işlerini geçirmek boýunça “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde tender yglan edilendigini habar berdi. Azatlyk mundan ozal iri desganyň gurluşyk meýdanynda taslamaçylaryň ýerasty suw meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny habar berdi. Bu ýagdaý gurluşyk işleriniň agramly böleginiň togtadylmagyna alyp geldi, taslamanyň ýolbaşçylary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Azyk üpjünçiligi: emeli arzançylyk nobatlara, nobatlar ýakalaşyklara getirýär, resmiler çäre görýär

Ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanyň hökümeti Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýany ýurduň bazarlarynda ilaty elýeterli bahadan azyk harytlary bilen üpjün etmegi wada berensoň, sebit bazarlarynda peýda bolan emeli arzançylyk söwda nokatlarynyň öňünde uly nobatlaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Söwda nobatlarynda ýakalaşyklar ýüze çykýar. Häkimiýetler býujet işgärlerine nobatlara barmazlygy tabşyrýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji dekabrda sebitden habar berdi.

Azathabar.com 

Russiýanyň Ýokary sudy Halkara Memorialy ýapdy

Russiýanyň Ýokary sudy adam hukuklary boýunça belli Halkara Memorial guramasyny ýapmak barada höküm çykardy. Bu barada 28-nji dekabrda toparyň şahamçylarynyň biri mälim etdi. “Russiýanyň Ýokary Sudy Halkara Memorialy ýatyrdy” diýip, adam hukuklary boýunça Memorial merkezi Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Prokurorlar bu işi jedelli “daşary ýurt agenti” baradaky kanunyň esasynda gozgadylar. Bu kanun Russiýadaky graždan jemgyýetini we media toparlaryny çäklendirmek üçin barha köp ulanylýar. ... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ we Russiýa 10-njy ýanwarda howpsuzlyk gepleşiklerini geçirerler

ABŞ we Russiýa Ukraina boýunça dartgynlylyklaryň artýan döwri, 10-njy ýanwarda howpsuzlyk gepleşiklerini geçirerler. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda ýadro ýaraglarynyň kontrollygy we Ukraina üns merkezinde bolar, diýip Ak Tamyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili 27-nji dekabrda AFP we Reuters habar gulluklaryna aýtdy. “Haçanda biz gepleşikler üçin oturanymyzda, Russiýa özüniň aladalaryny beýan edip biler. Biz hem Russiýanyň hereketleri bilen bagly öz aladalarymyzy äşgär ederis” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Milletçi Žirinowskiý Ukraina bombaly hüjüm edilmelidigini aýdýar

Russiýanyň dyzmaçlygy bilen ýakasyny tanadan belli syýasatçylarynyň biri, ABŞ-nyň we onuň ýewropaly ýaranlarynyň Moskwa Ukrainanyň serhedinde harbylarynyň sanyny artdyryp, oňa hüjüm edip biljekdigi boýunça bildirýän aýyplamalarynyň arasynda, Ukraina babatyndaky haýbatly çykyşlaryny hasam ýygjamlaşdyrdy. 27-nji dekabrda aşa milletçi Wladimir Žirinowskiý milli telewideniýede eden çykyşynda Täze ýyl gijesinde rus harbylarynyň Ukraina bomba hüjümini amala aşyrmalydygyny aýtdy. Döwlet dumasynyň orunbasary... Читать дальше...

Azathabar.com 

BBC-niň habarçysy Russiýany terk edip, Britaniýa aşdy

BBC-niň rus dilli gullugynyň Moskwadaky derňewçi habarçysy “öň görlüp-eşidilmedik derejede” özüniň yzarlanýandygyny aňandan soň, Russiýany terk edip, Londona aşandygyny aýtdy. Andreý Zaharow bu barada 27-nji dekabrda çap eden wideosynda mälim etdi. Oktýabrda rus resmileri Zaharowa “daşary ýurt agenti” diýen tagmany dakdy. BBC bu karary düýpgöter ret etdi we ony ýatyrmak boýunça çäreleri görjekdigini aýtdy. “Bu yzarlamalaryň näme bilen ilteşiklidigi häzirlikçe aýdyň däl. Ýagny, bu meniň ‘daşary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Belarus diýdimzor Lukaşenkanyň häkimiýetini güýçlendirjek konstitusion üýtgetmeleriň taslamasyny çap etdi

Belarusda diýdimzor Aleksandr Lukaşenka ýurduň Konstitusiýana girizilmeli üýtgetmeleriň taslamasyny çap etdi. 27-nji dekabrda prezidentiň websaýtynda çap edilen bu üýtgetmeler Lukaşenkanyň awtoritar dolandyryşyny hasam berkidip, onuň häkimiýet başynda 2035-nji ýyla çenli galmagyna mümkinçilik hem döredýär. 67 ýaşly Lukaşenka üýtgetmeler boýunça referendumyň 2022-nji ýylyň fewralyna golaý geçiriljekdigini aýtdy. Lukaşenka Konstitusiýa goşmaçalary girizmek baradaky teklibini 2020-nji ýylyň awgustyndaky dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň... Читать дальше...

Azathabar.com 

"Men durmuşa çykmak islämok. Hijap atynasym gelenok, din meni gyzyklandyrmaýar". Täjik gyzy maşgalasyndan gaçyp, täze durmuş gurjak bolýar

Täjigistanda doglan, soňra Russiýanyň raýaty bolan 18 ýaşly Maniža Sankt-Peterburgyň gaçybatalgalarynyň birinde ýaşaýar. Bu gyz ene-atasy hem doganlary bilen birnäçe ýyl ozal Russiýa göçüp gelipdir. Indi öz maşgalasynyň däp-dessurlaryna boýun bolup ýaşamak islemeýär, kakasynyň teklip eden giýew ýigidine durmuşa çykmakçy däl. "Adaty" maşgalalar ýaly, adamsynyň aýdanyna tabyn bolup, hijap atynmaga derek, bilim almak, surat çekmek hem wideo blogçysy bolmak isleýär. Sever.Reali proýektiniň žurnalisti Tatýana Woltskaýa Maniža bilen duşuşyp... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *