Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2024
1
14
31

Новости за 13.12.2024

Azathabar.com 

Maral: Bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim

“Men bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men ýere girmedim. Men ten satmaga baş goşaryn, onuň golaýyndan bararyn diýip, hiç haçan pikir etmändim. Ýöne adamymyň ýitirim bolmagy we ýurtda barha ýaramazlaşýan durmuş şertleri, meni alan terbiýäme ters gelýän bu iş bilen meşgullanmagyma getirdi” diýip, iki çaganyň ejesi Maral (red: howpsuzlyk aladalary sebäpli ady üýtgedildi) aýtdy. Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy, adamsy alty ýyl ozal Türkiýä işlemäge giden 38 ýaşly Maral... Читать дальше...

Azathabar.com 

Arzan towuk etiniň söwdasynda nobatlar emele gelýär

Mary şäheriniň esasy bazarynda her gün irden döwlet bahasyndan çäkli möçberlerde satuwa çykarylýan towuk eti uly islegden peýdalanýar. Et söwdasynda nobatlar emele gelýär. Ýerli ýaşaýjylar şeýle azyk önümleriniň arzan bahadan döwlet dükanlarynda elmydama elýeterli edilmegini soraýarlar. “Gök bazarda her gün irden bir kilesi 18 manat 20 teňňeden towuk eti satylýar. Adamlar arzan towuk satyn almak üçin, irden sagat 6:00-dan başlap nobata durup başlaýarlar. Söwda bir sagat dowam edýär” diýip, maryly alyjy aýdýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tebigy gazyň, bug gazanlarynyň basyşy pes, köp gatly jaýlarda ýokarky gatlara ýylylyk barmaýar

Türkmenistana aralaşýan sowuk howa akymynyň arasynda, şäherlerde we obalarda ýyladyş üpjünçiligi bilen bagly problemalar ýitileşip dowam edýär. “Şäheriň köp gatly jaýlarynda ýyladyş ulgamlaryny 20-nji noýabrdan soň işledip başladylar. Ýöne ýokarky gatlara ýylylyk barmaýar” diýip, Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.  “Meteožurnal” howa maglumatlary neşirine görä, 15-16-njy dekabrda günorta-gündogar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl uçarlary Siriýanyň asmanynda uçmak azatlygyna eýe boldy

Eýranyň Ýakyn Gündogardaky proksi toparlarynyň gowşadylmagy we Siriýada uzak saklanan Asad režiminiň synmagy Ysraýylyň Goranmak güýçlerine Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urmak mümkinçiligini berýär diýip, “Times of Israel” ysraýyl goşunyna salgylanyp ýazýar. Ysraýyl goşunynyň serkerdeliginiň bahasyna görä, Asad režiminiň agdarylmagy we Liwandaky esasy wekilçilikli toparynyň, "Hezbullanyň" gowşadylmagy bilen, Tähranyň pozisiýalarynyň gowşamagy bilen baglylykda, Eýran häkimiýetleri öz ýadro programmalarynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan rus kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Russiýanyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Türkmen metbugatynyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, “özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp”, türkmen tarapy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny aýdypdyr. Türkmen ýolbaşçylarynyň Igor Bukato bilen gçirýän duşuşyklary barada yzygiderli habar berilýär. Mysal üçin... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystan bilen Özbegistanyň arasynda ikinji otly syýhatçylygy gurnalýar

Gazagystan Temir žoly, ýurduň milli demirýol kompaniýasy Gazagystanyň we Özbegistanyň esasy şäherlerini birleşdirýän “Jibek Joly” (Ýüpek ýoly) 2.0 otly syýahatçylygynyň gurnalýandygyny habar berdi. Täze syýahat otlusy 2025-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Almatydan ugrap, 7-nji ýanwarda yzyna gaýdyp geler diýip, “The Times of Central Asia” neşiri habar berdi. Syýahatçylyk otlusy sebitiň iň bir tanymal ýerlerinde saklanyp geçer. Mysal üçin, ýolagçylar Gazagystanyň Türküstan şäherinde tutuş bir gün bolup... Читать дальше...

Azathabar.com 

"Men ýurduma dolanyp bilmeýärin, ol ýerde aýallaryň hukuklary bozulýar". Owganystanly gyz okuwyny geçmek üçin, Gazagystandan pena soraýar

Farida 23 ýaşynda. Ol Owganystanyň Türkmenistan bilen serhedinde ýerleşýän Farýab welaýatynda doglan owgan raýatydyr. Gyz bütin ömrüne wraç bolmagy arzuw edipdir. Emma birnäçe ýyl mundan ozal Owganystanda yslamçy "Talybanyň" häkimiýete gelmegi bilen olar aýallaryň hukuklaryny çäklendirip, diňe bir uniwersitetlerde däl, mekdeplerde-de okamagy gadagan etdiler. Farida ol arzuwyndan el çekmäge taýýar däldi. Geçen ýyl ol Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okamaga hukuk berýän stipendiýany gazandy. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *