Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2024
1
14
31

Новости за 26.12.2024

Azathabar.com 

Daşoguzda öz gyzyny zorlan adam türmä basyldy

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda maşgala başynyň 13 ýaşly gyzyny zorlamagyna degişli aýylganç ýagdaý ýüze çykdy. Azatlygyň habarçylary noýabryň ortalarynda Daşoguzda bolan jenaýatyň üsti açylyp, dekabryň başynda jenaýatçynyň sud edilendigini anykladylar. Görogly etrabynyň Müjewür obasynyň 43 ýaşly ýaşaýjysy öziniň 7-nji klasda okaýan gyzyny zorlap, 9 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýagdaýdan gönüde-göni habarly birnäçe çeşmäniň maglumatlaryna görä, zorluk 14-nji noýabrda bolupdyr. Читать дальше...

Azathabar.com 

Astrahana 18 tonna türkmen pomidory getirildi

Şu ýyl Astrahan sebitine Türkmenistandan umumy agramy 835 tonnadan gowrak bolan 90 partiýa pomidor getirildi, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende bäş esse köp pomidoryň import edilendigini aňladýar diýip, rus metbugaty habar berýär. Habarda aýdylmagyna görä, Astrahanyň deňiz portuna Türkmenistandan 18 tonna pomidor geldi, “Rosselhoznadzoryň” hünärmenleri bu önümleriň iki toparyny barladylar we laboratoriýa synaglarynyň esasynda fitosanitar şahadatnamalaryny berdiler. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanyň üstünden Hytaýa barjak gaz geçirijiniň işi başlandy – TASS

Russiýadan Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa gaz gaz eltjek geçirijiniň işlenip düzülmek prosesi başlandy, onuň kuwwaty 45 milliard kub metr bolar, bu gazyň 10 milliard kub metri Gazagystany gazlaşdyrmaga niýetlenen diýip, Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak "Rossiýa-24" teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. "Aýdaly, bu etap başlandy" diýip, ol aýtdy. "Häzir hasaplamalar, tehniki-ykdysady esaslandyrmalary alnyp barylýar, gepleşikler dowam etdirilýär". Nowak mundan öň Russiýanyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Azerbaýjan uçar heläkçiliginiň pidalarynyň hatyrasyna Milli ýas gününi yglan etdi

Azerbaýjan milli awiakompaniýanyň ýolagçy uçary Gazagystanda heläkçilige uçranyndan bir gün soň, 26-njy dekabrda milli ýas gününi belledi. "Azerbaýjan Howaýollarynyň" uçarynyň bortundaky 67 adamyň 38-si wepat boldy. Gazak häkimiýetleri uçardaky 29 adamyň aman galandygyny aýtdylar. Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdan Russiýanyň Çeçenistan sebitindäki Grozny şäherine barýan “Embraer 190” uçary, adatdan daşary ýagdaý sebäpli, Gazagystanyň günbataryndaky Aktau şäheriniň golaýynda gonmak synanyşygyny etdi diýip, uçar kompaniýasy aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Paýtagtyň baş arçasynyň golaýynda dilegçilik edýän çaga köpeldi

Aşgabadyň baş arçasynyň töweregi şu günler gaty janly görünýär. Bu ýere gezelenje gelýän adamlaryň sany günsaýyn köpelýär. Gezelenje çykan şäher ýaşaýjylarynyň we çagaly maşgalalaryň arasynda garyp, dilegçilik edýän çagalar köp duş gelýär. Azatlygyň habarçylary ýurduň baş arçasynyň töweregindäki ýagdaý barada habar berýärler.  "Aşgabadyň merkezindäki täze ýyl arçasynyň töweregi häzir örän köp adamly" diýip, habarçymyz 26-njy dekabrdaky ýagdaýy häsiýetlendirdi.   Baýramçylygy duýmak üçin bu ýere gelen paýtagtlylar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Harby bölümlerdäki iýmit zäherlenmeleri esger menýularyndaky balyk önümleri bilen baglanyşdyrylýar

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, Dänew etrabynda hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän aýrybaşga üç harby bölümde esgerleriň arasynda bolup geçýän iýmit zäherlenmeleri barada habarlar gowuşýar. Balyk önümlerinden taýýarlanýan tagamlar zäherlenmelere sebäp görkezilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri bu hadysalaryň soňky iki hepde çemesi wagtyň dowamynda hasaba alnyp başlanandygyny aýdýarlar. Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy bolan bir esger enesi ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?

"Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynda Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda garaşylan esasy özgerişlik bolmady, ne TDG-niň meýilleşdirilen Aşgabat sammiti geçirildi, ne-de Türkmenistan bu guramanyň doly hukukly agzasy boldy. Oňa derek Aşgabadyň "Talyban" ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti bilen edýän gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýygjamlady. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Günbatara tarap “geosyýasy ädim ädýändigi”,1995-nji ýyldan bäri hemişelik bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Aşgabadyň Günbatar bilen... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmengalada täze suw arassalaýjy desga açyldy

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desga ulanmaga berildi diýip, TDH 25-nji dekabrda habar berdi. Mundan öň, 24-nji dekabrda neşir Ahal welaýatynda ulanmaga berlen suw desgalary barada habar beripdi. Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan desga dolandyryş we suw arassalaýyş binalaryndan, suw durlaýjy howuzlardan we beýlekilerden ybarat bolup, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.

Azathabar.com 

Eýran Sarahs demirýol menzilinden geçirýän eksport harytlaryny köpeldýär

Eýranyň mart aýyndan başlanýan ýyl senenamasynyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Sarahs demirýol menzili arkaly geçirilen eksport harytlarynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6% ýokarlandy. “Biznes Türkmenistan” neşiriniň Eýranyň IRNA habar gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, demirýol menzili arkaly daşalýan ýükleriň möçberi, eksporty, importy we üstaşyr geçirilýän ýükleri öz içine alyp, 2,2 million tonna ýetdi Horasan sebitiniň demirýol edarasynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanda uçar heläkçiliginiň bolan ýerini ýazgy eden blogçy tussag edildi

Gazagystanda Aktauyň golaýyndaky uçar heläkçiliginiň bolan ýerini ýazgy eden blogçy Azamat Sarsenbaýew 10 gün tussag edildi diýip, AÝ/AR-nyň “Häzirki zaman” neşiri blogçynyň sosial ulgamlarda galdyran ýazgysyna salgylanyp ýazýar. Mangistau sebitiniň Tupkaragan etrap kazyýetiniň kararyna görä, Sarsenbaýew hukuk goraýjy edaranyň işgäriniň kanuny talabyna boýun bolmazlykda günäli tapyldy. Blogçynyň aklawçysy Aýbek Suýundukowyň düşündirmegine görä, bu jeza Gazagystanyň Dolandyryş hukuklary kodeksiniň 667-nji maddasynyň 1-nji bölümi esasynda... Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *