Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2024
1
14
31

Новости за 24.12.2024

Azathabar.com 

Çagalar bagyna gatnaýan körpelere Täze ýyl sowgatlaryny satyn almak üçin ene-atalardan pul ýygnalýar

Mary welaýatynyň çagalar baglarynda terbiýeçiler körpelere Täze ýyl sowgatlaryny satyn almaga niýetläp, ene-atalardan 50 manatdan pul ýygnaýar. Maliýe ýagdaýy pes hojalyklar sowgatlary özleri taýýarlamagy teklip edýär, beýlekiler bolsa, bu pullaryň dolulygyna sowgatlara sarp ediljegine ynamsyz garaýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynda ene-atalardan pul ýygnamak işleriniň giň gerime eýe bolýandygyny habar berýärler. “Täze ýyl baýramynda çagalara sowgat berjek diýýärler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen döwlet biržasy 37 million dollardan gowrak söwda etdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy geçen hepdede daşary ýurt puluna 37 million 320 müň dollarlyk söwda etdi. Döwlet mediasynda 23-nji dekabrda çap bolan maglumata görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy daşary ýurt puluna satyn alypdyr. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni we buýan köküniň baldagyny satyn alypdyr. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystan MA ýurtlarynyň uçarlaryny abatlamagy meýilleşdirýär

Gazagystanyň günbataryndaky Aktau howa menzilinde Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uçarlaryny bejerjek tehniki hyzmat merkeziniň gurilmagy meýilleşdirilýär. Bu planlary 23-nji dekabrda Gazagystanyň transport ministri Marat Karabaýew yglan etdi. “Merkez Gazagystanyň, Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat we harby uçarlaryna (Gazagystandan, Russiýadan, Özbegistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan 411 ýolagçy raýat awiasiýa uçaryna) hyzmat eder. Taslamanyň durmuşa... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýede ýarag zawodunda bolan partlamada 12 adam öldi

Türkiýäniň günbataryndaky Balykesir welaýatynda partlaýjy serişdeleri öndürýän zawodda bolan partlamada azyndan 12 adam öldi. CNN Türk ýerli häkimiýetlere salgylanyp, ýene üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Şaýatlaryň sözlerine görä, partlama örän güýçli bolup, ony goňşy obanyň ýaşaýjylary duýupdyr. Partlamanyň netijesinde binanyň üçegi ýumruldy. Harabalygyň aşagynda galan adamlary gözlemek işi dowam etdirilýär. Halas ediş işine 112 sany tiz kömek we ýangyn söndüriji topary gatnaşýar. Partlama... Читать дальше...

Azathabar.com 

Baýramçylygyň öň ýany, içerki gatnawlara agram düşýär, sebitara hereket başagaýlyga sezewar bolýar

Täze ýylyň öňüsyrasynda, sebitara transport serişdelerine, otly we uçar gatnawlaryna agram düşýär. Paýtagtda zähmet çekip, baýramçylygy maşgala agzalary bilen geçirmäge çalyşýan raýatlar, içerki migrantlar otly biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne goşmaça töleg töläp, sebitlere aşmaga çalyşýar. “Otly we uçar gatnawlary bilen bagly kynçylyk ýüze çykýar. Taksiler gymmatlaýar, bildirilýän talaby ödäp bilmeýär” diýip, paýtagt Aşgabatdan hem-de Balkan welaýatyndan beýleki sebitlere aşmaga çalyşýan içerki... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ysraýyl Tähranda Hamasyň lideriniň öldürilmeginiň jogapkärçiligini boýun aldy

Duşenbe güni Ysraýylyň Goranmak ministri Ysraýel Katz Hamasyň lideri Ismail Haniýanyň Eýranda öldürilmeginiň Ysraýyl goşunynyň işidigini ilkinji gezek aç-açan boýun aldy diýip, "Reuters" habar berýär.  Palestinanyň yslamçy topary Hamasyň syýasy lideri Ismail Haniýa iýul aýynyň ahyrynda Tähranda öldürildi. Eýranyň häkimiýetleri şol hüjümde Ysraýyly günäläpdi.   Katz 23-nji dekabrda eden çykyşynda şeýle diýdi: “Şu günler, husitleriň terror guramasy Ysraýyla raketa atýan mahaly, men olara anyk habar ibermek isleýärin... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy

Türkmenistanda 2024-nji ýyl raýatlaryň arasynda syýasy maýylganlyk arzuwlarynyň hyjuwlanyp, aň-düşünje, pikir we söz azatlygy giňişliginde ýumşama meýilleriniň, şeýle-de has ýygjamlaşýan açyk pikir alyşmalaryň göze ilip başlan ýyly hökmünde ýatda galdy. Jemgyýetiň tas ähli gatlaklaryny öz içine alyp, onlaýn we oflaýn giňişliklerde bolup geçen açyk pikir alyşmalar köplenç halkara arenasynda bolup geçýän wakalara, galyberse-de, ýurtda dowam edýän syýasy-ykdysady we sosial meselelere gönükdirilýärdi. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *