Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Апрель
2025
12
19
26
27

Новости за 02.04.2025

Azathabar.com 

ABŞ-nyň maliýe üpjünçiligini doňdurmagynyň arasynda, ÝB kanun çykaryjylary Azatlyk Radiosyna hemaýat bermegi maslahatlaşýar

Giňelmek meseleleri boýunça ýewropa komissary Marta Kos “Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny (AÝ/AR) goramagyň zerurlygyny” nygtady we “eger-de şeýle etmesek, biz dünýädäki awtokratlara sowgat berdigimiz bolar” diýip, duýduryş berdi. Ol bu barada Ýewropa Parlamentiniň 1-nji aprelde Strasburgda demokratik media serişdelerine, şol sanda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna elýeterliligi goramaga gönükdirilen plenar maslahatynda eden çykyşynda aýtdy. Bu maslahata ABŞ prezidenti Donald Trampyň 14-nji martda ABŞ-nyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

8-njy synp okuwçylary indiki synpa synagsyz geçip, dersleri ýene bir ýyl gaýtalamaly bolarlar

Türkmenistanda orta mekdepler 12 ýyllyk bilim tertibine geçeli bäri 12-nji synpy tamamlan okuwçylar şu ýyl ilkinji gezek uçurym bolarlar. Emma 2013-2014-nji okuw ýylynda durmuşa geçirilip başlanan bu täze okuw tertibiniň netijeleri okuwçylara we olara berilýän bilimiň hiline şu çaka çenli täsir ýetirmegini dowam etdirýär. Şu ýyl sekizinji synpda okaýan okuwçylar bir synpdan başgasyna geçiş ekzamenlerini tabşyrmakdan boşadylypdyr. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, bu ýagdaý... Читать дальше...

Azathabar.com 

Mehanizatorlar şertlerden, aýlykdan nägile bolup, işden gidýär, başaran ýurt daşyna çykýar

Şu günler Türkmenistanda oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň gyzgalaňly dowam edýän döwründe, pudakdaky kärhanalarda ýaramaz iş şertleri, zähmet haklarynyň pes bolmagy bilen bagly ýagdaýlar sebäpli işçileriň köpçülikleýin öz islegleri boýunça işden çykmagy bilen bagly wakalar köpelýär. “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň Mary welaýat şahamçasynda işden çykan mehanizatorlaryň ençemesi özleriniň daşary ýurt döwletlerinde has oňat iş mümkinçiliklerini tapyp bilýändiklerini aýdýarlar. “Obahyzmatyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

BAE-da Özbegistanyň üç raýaty rawwini öldürmekde günäli tapyldy, ölüme höküm edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň kazyýeti ysraýyl-moldowan rawwini Tswi Kogany öldürmekde aýyplanýan Özbegistanyň üç raýatyny ölüm jezasyna höküm etdi. Özbegistanyň Daşary işler ministrligi bu maglumaty tassyklady. Emma iş bilen bagly jikme-jiklikler entek doly aýan däl. The Times of Israel neşiriniň maglumatyna görä, bu baradaky karar işe Abu-Dabiniň Federal şikaýat kazyýetiniň Hökümet howpsuzlygy palatasynda garalandan soň çykarylypdyr. Höküm edilenler: Mahmudjon Abdurahim, 29 ýaşly Olimboý Tohirowiç... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Ýakyn Gündogara ikinji uçar daşaýjy gämi toparyny ýollady

ABŞ-nyň harbylary Ýakyn Gündogar sebitinde, regional howpsuzlyga abanýan wehimlere jogap hökmünde, ikinji uçar daşaýjy gämi toparynyň ýerleşdiriljekdigini mälim etdi. Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň güýçleri özüniň Gyzyl deňizdäki gämilerinden Ýemendäki Eýran bilen ilteşikli huti jeňçilerine garşy zarbalaryny dowam etdirýär. Pentagonyň metbugat wekili Şon Parnelliň (Sean Parnell) 1-nji aprelde beren maglumatyna görä, Karl Winson uçar daşaýjy gämi Ýakyn Gündogarda eýýäm bar bolan Garry S.Truman uçar daşaýjy gämi toparyna goşular. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Maskyň DOGE edarasyndaky iş möhleti tamamlanandan soň, onuň biznese dolanyp biljekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Hökümet netijeliligi departamentiniň (DOGE) ýolbaşçysy Elon Maskyň bu edaradaky iş möhletiniň tamamlanmagy bilen, onuň gaýtadan biznese dolanyp biljekdigini aýtdy. Trampyň sözlerine görä, bu maýyň aýagynda, haçanda Maskyň döwlet edarasyndaky iş möhleti tamamlandan soň amala aşyp biler. Tramp bu barada Ak tamda žurnalistiň Masky DOGE edarasyndaky 130 gün bilen çäklenen iş möhleti gutarandan soň, häkimiýetde saklamagy göz öňünde tutup-tutmaýandygy baradaky degişli soragyna jogap hökmünde aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Litwada ýitirim bolan ABŞ-nyň esgerleriniň dördünjisiniň jesedi tapyldy

Litwanyň Pabrade harby tälim meýdançasynyň golaýynda, ozal ýitirim bolan amerikan esgeriniň dördünjisiniň jesedi tapyldy. Bu barada Birleşen Ştatlaryň armiýasy 1-nji aprelde mälim etdi. 25-nji martda “M88 Herkules” sowutly harby ulag batgalyk bir ýerde gark bolupdy. Gözleg işleri, halkara harby hyzmatdaşlygynyň çäginde, ösen tehnologiýalaryň ulanmagy bilen birnäçe gün dowam etdirildi. Heläk bolan üç esgeriň jesetleri, mundan bir gün öň tapylypdy. Olaryň atlary, merhumlaryň maşgala agzalaryndan degişli habar gelýänçä, äşgär edilmeýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Millionlarça owgan gyzlaryna tapgyr dördünji ýyl – bilim almaga rugsat berilmeýär

Owganystanda täze okuw ýyly 22-nji martda başlandy. Şeýle-de bolsa, dördünji ýyl yzygider, millionlarça ýaş gyzlara mekdebe gatnamaga rugsat berilmeýär. Olaryň arasynda bilimsiz galanlaryň biri Halida. Ol “Talyban” häkimiýete gelende, dokuzynjy synpda okaýardy. “Talyban” 12 ýaşdan geçen gyzlara bilim almagy gadagan etdi. «Bu gadaganlyk meniň durmuşyma agyr täsir ýetirdi. Öňler men köp wagtymy okamaga sarp edýärdim. Indi meniň ömrümiň günleri biderek geçýär» diýip, 18 ýaşly Halida Azadi Radiosyna gürrüň berýär. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *