Amyderýanyň akar suwunyň mukdary esli azalypdyr. Türkmenistanly çeşmeler bahar paslynda adatça bol gelýän suwuň şu ýyl esli kemelendigini aýdyp, muny goňşy Owganystanda derýa suwunyň akabalaryny üýtgetmek boýunça işleriň täsiri bilen baglanyşdyrýarlar. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri Owganystanyň demirgazygyndan akyp gelýän suwuň derejesiniň tas iki esse peselendigini aýdýarlar. Olar Mary we Lebap welaýatlarynda has köp duýulýandygyny, suw derejesiniň örän peselendigini, suwuň şorlaýandygyny... Читать дальше...
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Täzeýol geňeşliginden Pälwan hoja gonamçylygyna barýan ýoly abatlamaga niýetläp, obanyň 20-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylaryndan adam başyna 30 manatdan pul ýygnalýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy aprelde sebitden maglumat berdi.
ABŞ 15-nji aprelde Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň kabinet başlygy Antal Rogana garşy öýdülýän korrupsiýa we çaklanylýan hilegärlik aýyplamalary boýunça öň girizilen sanksiýalaryň ýatyrylandygyny habar berdi. Maliýe departamentiniň resmi websaýtynda ýerleşdirilen beýanatda Roganyň ýörite sanksiýa sanawyndan çykarylandygy tassyklandy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň şol gün Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Sijarto bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bu karary resmi taýdan habar berendigi barada... Читать дальше...
Türkiýäniň raýatlary bilen durmuş guran we birnäçe ýyldan bäri Türkiýedäki maşgalasyna gowuşyp bilmän Türkmenistanda galýan aýallaryň ýurtdan goýberilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýene birnäçesi mälim boldy. Türkmenabadyň häkimiýet we kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeler türk raýatlaryna durmuşa çykan türkmenistanly zenanlaryň ýurduň daşyna "köpçülikleýin goýberilip başlandygyny" habar berdiler. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeler bu, häkimiýetleriň soňky döwürde raýatlaryň... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Garward uniwersitetiniň federal salgytlardan boşadylýan ýeňilliklerini ýatyrmak bilen haýbat atdy we uniwersitet ýolbaşçylaryndan öz administrasiýasynyň ýokary okuw jaýynyň içekri syýasatyny we akademiki programmalaryny üýtgetmek talaplaryna boýun bolmadygy üçin ötünç soramalydygyny aýtdy. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär. Tramp uniwersiteti “radikal çepçilik ideologiýasyny goldamakda” we “terroristik pikirlenmäni” ýaýratmakda aýyplady. Şeýle-de, ol Garwardyň... Читать дальше...
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Täzeýol geňeşliginden Pälwan hoja gonamçylygyna barýan ýoly abatlamaga niýetläp, obanyň 20-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylaryndan adam başyna 30 manatdan pul ýygnalýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 16-njy aprelde sebitden maglumat berdi. “Gonamçylyga barýan awtoulag ýoluna kerpiç bölejikleri düşelýär. Ulaglar ýagynly günlerde hem palçykda batman, gonamçylyga barar ýaly, okuwçylardan 30 manatdan pul ýygnalýar. Kimiň gurby çatsa, ‘200-300 manada çenli töleg geçirip biler’... Читать дальше...
ABŞ Ysraýyla Siriýadan goşunlaryny iki aýyň dowamynda tapgyrlaýyn çykarmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Bu barada Ysraýylyň Ynet habar portaly maglumat berýär. Habarda aýdylmagyna görä, Ysraýyl bu kararyň öňüni almak üçin synanyşdy, emma Waşington meýilnamalaryny üýtgetmek niýetiniň ýokdugyny mälim etdi. Şeýle-de bolsa, Ysraýylyň harby ýolbaşçylary bu kararyň täzeden gözden geçirilmegi üçin ABŞ bilen gepleşikleri dowam etdirýärler. Ysraýylyň ýokary derejeli resmileriniň biri, şol sanda... Читать дальше...
Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde prezident uçary Boeing 787-800 Dreamliner üçin penajaý guruldy. Gurluşyga näçeräk çykdajy edileni gizlin saklanýar. Bu uçaryň satyn alnyş bahasy hem gizlin bolmagynda galýar. Täjigistanyň prezidentiniň on millionlarça dollarlyk täze uçarynyň bardygy tötänlik sebäpli aýan boldy. Indi Rahmonyň uçary Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň syýahat edýän kaşaň howa gämileriniň arasynda mynasyp orun tutýar. Häkimiýetiň kararyna laýyklykda, Täjigistanyň paýtagtyndaky... Читать дальше...