Ahal welaýatynda mekdep okuwçylary telekeçileriň öz harytlaryny satmak boýunça alyp barýän çärelerine çekildi. Tejeniň orta mekdeplerinde okwuçylar sapaga derek miwe suwlarynyň reklamasyny diňlemäge mejbur edildi. Şu günler orta mekdeplerde dynç alyş möwsümine bir aý galanda "TUT" şerbet suwlaryny öndürýän zawodyň işgärleri mekdeplere aýlanyp, mekdep müdirleriniň rugsady bilen okuwçylaryň arasynda reklama işlerini geçirýärler diýip, habarçymyz 30-njy aprelde aýtdy. "Ähli okuwçylary daşary çykaryp... Читать дальше...
Owganystanyň “Taliban” dolandyryjylary 2021-nji ýylda häkimiýeti ele geçireli bäri daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri tarapyndan ret edilýärler, ýöne olar golaýda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek tagallalarynyň çäklerinde käbir ullakan utuşlary gazandylar.
Golaýda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň RÝNÝ edarasyna (ZAGS) nika baglaşmaga baran raýatlardan saglyk ýagdaýy barada lukmançylyk kepilnamasy soralyp başlandy diýip, çeşmeler aýdýar.
Owganystanyň 'Taliban' dolandyryjylary 2021-nji ýylda häkimiýeti ele geçireli bäri daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri tarapyndan ret edilýärler, ýöne olar golaýda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek tagallalarynyň çäklerinde käbir ullakan utuşlary gazandylar. Şu hepde, Hindistanyň ýörite wekili Anand Prakaş ýokary derejeli 'Taliban' liderleri bilen Kabulda gepleşikler geçirip, söwda-syýasy gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny maslahat etdi. Bu gepleşikler özbek daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň... Читать дальше...
Türkmenabat şäherinde walýuta söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy reýdler geçirilýär. Onlarça adamyň tussag edilendigi mälim boldy. Türkmenabadyň kanun goraýjy edaralaryndaky işgärleriň we resmi däl walýuta söwdasyndan habarly çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, walýuta söwdagärlerine garşy reýdleriň dowamynda ýüzden gowrak adam tussag edilipdir, emma ençemesi dessine goýberilipdir. "Häzirlikçe şäheriň çäginde 112-ä golaý dollarçy tutyldy. Olar 'esasy eýeler' bilen bagly bolsa... Читать дальше...
Golaýda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň RÝNÝ edarasyna (ZAGS) nika baglaşmaga baran raýatlardan saglyk ýagdaýy barada lukmançylyk kepilnamasy soralyp başlandy diýip, çeşmeler aýdýar. “ZAGS edaralary häzir nika baglaşmaga barýan raýatlardan lukmançylyk barlagyndan geçmegi talap edip başlady. Saglyk edaralarynda barlagdan geçmegiň bahasy 100 manat” diýip, maryly ýaşaýjy aýdýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy täze talaplar boýunça Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) ýerli edaralarynyň bir işgäri bilen gürrüňdeş bolmagy başardy. Читать дальше...
29-njy aprelde ABŞ-nyň Maliýe departamenti Hytaýdaky we Eýrandaky alty guramany we alty şahsyýeti sanksiýa sanawyna goşandygyny yglan etdi. Resmi beýanatda olaryň Eýran yslam rewolýusiýa sakçylary korpusy üçin ballistik raketalaryň ýangyç serişdeleriniň üpjünçiligine ýardam berendigi aýdylýar. ABŞ-nyň maliýe sekretary Skott Bessent: “Eýranyň raketa we beýleki ýaraglary agressiw ösdürmegi Birleşen Ştatlaryň we onuň hyzmatdaşlarynyň howpsuzlygyny howp astyna salýar” diýip belledi. Sanksiýa girizilenleriň arasynda bäş hytaý kompaniýasy... Читать дальше...
29-njy aprelde ABŞ-nyň Söwda wekiliniň edarasy (USTR) intellektual eýeçilik hukugynyň berjaý edilmegi bilen bagly ýyllyk hasabatynda Türkmenistany özüniň “birinji derejeli gözegçilik sanawyndan” çykarandygyny mälim etdi. Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär. USTR-iň ýyllyk “Special 301 Report” hasabatynda intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulmagyna degişli ýagdaýlar seljerilýär. Hasabat 100-den gowrak söwda hyzmatdaşynyň ýagdaýlarynyň öwrenilmegine esaslanyp taýýarlanylýar. 2025-nji ýyldaky... Читать дальше...