The United States and Iran held their first formal nuclear talks in years, signaling a cautious return to diplomacy. While no major breakthroughs occurred, both sides agreed to continue talks -- raising hopes for progress amid regional tensions and mounting domestic pressure on the Islamic republic.
Türkmenistanda ilatyň azyk howpsuzlygy bilen bagly aladalar dowam edýän mahaly, şu günler et we et önümleriniň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Balkanda soňky wagtlarda birnäçe hususy et dükany öz işine arakesme berýär. Resmiler bahalary gözegçilikde saklamaga çalyşýar.
Lebap welaýatynyň Halaç, Dänew we Saýat etraplaryndan hem-de Türkmenabat şäherinden bolan birnäçe telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýerli polisiýa işgärleriniň öz söwda dükanlaryndan tölegsiz haryt almagy bilen bagly wakalaryň gaýtalanýandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanda ilatyň azyk howpsuzlygy bilen bagly aladalar dowam edýän mahaly, şu günler et we et önümleriniň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Balkanda soňky wagtlarda birnäçe hususy et dükany öz işine arakesme berýär. Resmiler bahalary gözegçilikde saklamaga çalyşýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy dowam edýän et gytçylygynyň arasynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän daýhan bazaryndaky et dükanlarynyň birinde ýaňy-ýakynda goýun, geçi we düýe etiniň ýeňillikli söwdasynyň guramalaşdyrylandygyny habar berýär. Читать дальше...
Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuwçy gyzlary ginekologiýa barlagyndan geçirmek boýunça çäreler alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary köpçülik häsiýetinde guramaçylykly amala aşyrylýan bu çäre we onuň geçişi barada 14-nji aprelde habar berdiler. Aşgabatda okuwçy gyzlaryň arasynda ginekologiya barlaglarynyň başlanmagynyň sebäplerini bilim pudagyndaky resmiler "ten satýan we göwreli bolýan ýaş gyzlaryň sanynyň köpelmegi" bilen düşündirdiler. Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş... Читать дальше...
Lebap welaýatynyň Halaç, Dänew we Saýat etraplaryndan hem-de Türkmenabat şäherinden bolan birnäçe telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde ýerli polisiýa işgärleriniň öz söwda dükanlaryndan tölegsiz haryt almagy bilen bagly wakalaryň gaýtalanýandygyny aýdýarlar. “Iki sany polisiýa işgäri dükana girip, üç kilogram banan, iki paket kofe, bir litr ýag we üç sany kolbasa alyp, tölegini tölemän çykyp gitdiler. Men olardan töleg soranymda bolsa, gaýtam, meniň üstüme haýbat atdylar” diýip... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary başlady. Mundan öň, Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Berdimuhamedowyň saparynyň 13-15-nji aprel aralygynda boljakdygyny, şeýle-de onuň geçmişde bu ýurda bäş gezek sapar edendigini, emma häzirki saparyň onuň prezident wezipesine girişeli bäri Ýaponiýa etjek ilkinji saparydygyny belläpdi. 14-nji aprelde türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Osaka şäherindäki “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny habar berdi. Читать дальше...
Täjigistanyň Rüşt etrabynda 13-nji aprel güni irden bolup geçen güýçli ýer titremesi netijesinde üç ýaşly çaga heläk boldy, ýüzlerçe adam ýaşaýyş jaýsyz galdy. Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofizika gullugynyň maglumatyna görä, ýer titremesi ýerli wagt bilen 09:24-de Rüşt etrabynyň gündogaryndan 21 kilometr uzaklykda bolup geçdi. Sarsgynlaryň güýji etrapda 5 bala, paýtagt Duşenbede bolsa 3 bala çenli ýetdi. Ýer titremesi netijesinde Rüşt etrabynyň Uşturpast obasynda ýaşaýan üç ýaşly Maşrabow Abdugani öýleriniň diwarynyň aşagynda galyp... Читать дальше...