Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Сентябрь
2025
6
13
14
20
21
28

Новости за 12.09.2025

Azathabar.com 

Tramp Çarli Kirkiň öldürilmeginde güman edilýän adamyň tutulandygyny aýdýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp konserwatiw aktiwist Çarli Kirkiň öldürilmeginde güman edilýän adamyň Ýutada tussag edilendigini tassyk etdi diýip, “Fox News” habar berdi. "Onuň ele salnandygyny ýokary derejedäki ynam bilen aýdyp bilerin" diýip, Tramp aýtdy. Emma ol güman edilýän adamyň adyny aýtmady, diňe onuň 11-nji sentýabr agşamynda tussag edilendigini, bu işde bir ruhanynyň kömek berendigini, şeýle-de ABŞ-nyň marşal gullugynyň bir işgäriniň we güman edilýän adamyň kakasynyň ýardam edendigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanda biometriki pasport üçin ýüz tutýanlara 2026-njy ýylyň maýyna nobat berilýär

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki edarasynda biometriki pasport almak isleýän adamlaryň ýene uly nobatlary emele geldi. Häzirki wagtda raýatlara 2026-njy ýylyň maý aýyna nobat berilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi. “Her gün 500-den gowrak adam nobata ýazylýar. Şu ýyl boýunça nobatlar bireýýäm dolup, raýatlara öňümizdäki maý aýyna nobat berilýär. Onlaýyn nobata ýazylmak ulgamy işlemeýär” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň öňki prezidentiniň ogly maşgalasynyň jaýyndan çykarylýandygyny aýdýar

Öňki prezident Almazbek Atambaýewiň ogly Kadyr Kaktus.media habar gullugyna ejesini we beýleki maşgala agzalaryny Bişkek şäheriniň golaýyndaky Koý-Taş obasynda ýerleşýän jaýlaryndan çykarmak isleýändiklerini aýtdy. Onuň sözlerine görä, polisiýa wekilleri bilen birlikde, 30 töweregi adam olaryň öýüne gelipdir we olaryň elinde diňe Bişkek etrap kazyýetiniň karary bar. Ol maşgala agzalarynyň bu jaýdan çykarylmagyny bikanun diýip atlandyrdy. "Bu doly eden-etdilik. Biz Ýokary kazyýete we Konstitusiýa palatasyna ýüz tutjakdygymyzy aýtdyk. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan Ysraýylyň Dohadaky ýaşaýyş etrabyna uran zarbasyny ýazgarýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýyl döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar diýip, 11-nji sentýabrda çap edilen beýanatda aýdylýar. Türkmenistan adatça, tas elmydama diýen ýaly, halkara wakalary boýunça öz anyk pozisiýasyny beýan etmekden saklanýar. Türkmenistan üçin islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak... Читать дальше...

Azathabar.com 

Braziliýanyň öňki prezidenti Jair Bolsonaro 27 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Braziliýanyň Ýokary kazyýeti, döwlet agdarlyşygyny taýýarlamak işi boýunça, Braziliýanyň öňki prezidentini, 70 ýaşly Jair Bolsonarony 27 ýyl üç aý türme tussaglygyna höküm etdi. "Roýters" habar gullugynyň ýazmagyna görä, ol demokratiýa garşy edilen kast ediş hüjüminde günäli tapylan ilkinji öňki prezident boldy. Ol ýaragly jenaýat guramasyna gatnaşmakda, döwlet agdarylyşygyny guramakda, demokratiýany zor bilen agdarmaga synanyşmakda, şeýle-de döwlet emlägine we medeni gymmatlyklara zyýan ýetirmekde aýyplandy. Читать дальше...




Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *